Dün­ýä­niň iň owa­dan oba­la­ry

4 Oktýabr 2024
354

Dün­ýä­de ekerançylygyň me­ka­ny bo­lan oba­la­ryň ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şi, bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry taý­dan gö­ren­le­ri haý­ran ed­ýän bir­nä­çe­si bar. 2021-nji ýyl­da­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dün­ýä ila­ty­nyň 3,42 mil­li­ar­dy oba­da ýa­şa­ýar. Biz hem ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dün­ýä­niň iň owa­dan oba­la­ry ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dykgatyňyza ýetirmegi ma­kul bil­dik.

Bur­tan­ž, Ni­der­land­lar. Wes­ter­wald şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän bu oba­da 430 adam ýa­şa­ýar. Ýyl­dy­za meň­zeş bu tä­sin oba 1593-nji ýyl­da har­by gul­luk­çy­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin esas­lan­dy­ry­lyp­dyr. Tut­ýan meý­da­ny 0,21 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan bu oba­da 133 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy bar. Ni­der­land­lar bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ser­he­din­dä­ki ýyl­dy­za meň­zeş oba ni­der­land­la­ryň esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ki­çi­jik oba­da mer­ke­zi ba­zar meý­dan­ça­sy, köp san­ly dü­kan­lar, ka­fe­ler we res­to­ran­lar bar.