29-njy sentýabrda Awstriýada geçirilen parlament saýlawlarynda Gerbert Kikliň ýolbaşçylygyndaky «Awstrýanyň erkinlik partiýasy» (AEP) sesleriň 29,1 göterimini alyp, ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, AEP taryhy rekord gazanyp, ilkinji gezek saýlawlarda öňdeligi eýeledi.
Ikinji orunda sesleriň 26,2 göterimi bilen häzirki Kansler Karl Nehammeriň ýolbaşçylygyndaky konserwatiw «Awstriýanyň halk partiýasy» gelýär. Üçünji orunda 20,4 göterim ses bilen «Awstriýanyň Sosial-demokratik partiýasy», ondan soňra 8,8 göterim bilen «Täze Awstriýa – Liberal forum» hem-de 8,6 göterim bilen «Ýaşyllar» gelýär.