"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzda del tagamlaryň dürlüligi giňeýär

Türkiýeli meşhur aşpez Burak Özdemir Türkmenistandaky şahamçasy bolan Aşgabat şäherindäki «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde «CZN Burak Gurme» restoranyny açdy.

«Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi

6-njy dekabrda Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu gezekki mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň we degişli resminamalaryň taslamalary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy», «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly BMG-niň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy, bilim, saglygy goraýyş, «ýaşyl» energetika we sanlylaşdyrma ugurlary boýunça BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň bilelikdäki maksatnamalary bar. Şeýle hem BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, bu guramanyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» tassyklanyldy.

Täze döwrebap gümrük nokady – täze mümkinçilikler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, harby gullukçylar üçin döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Ýakynda hem hormatly Prezidentimiziň karary esasynda Türkmen-özbek serhedinde ýerleşýän Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň täze binalary we durky düýpli täzelenen desgalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Binanyň gurluşyk işleri «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli kararyna laýyklykda, «Farap awtoýollary» gümrük nokadynda umumy meýdany 456 inedördül metr bolan täze dolandyryş binasy, umumy meýdany 486 inedördül metr bolan ulag serişdeleriniň we harytlaryň resmileşdirmesi amala aşyrylýan täze binalaryň ikisi, umumy meýdany 966 inedördül metr bolan awtoulaglara gümrük barlagy geçirilýän gözegçilik bassyrmalaryň ikisi, gulluk itleriniň saklanylýan ýeri, Türkmenistan we Özbegistan tarapyndaky derwezeleriň ikisi we ýene-de birnäçe durmuş we tehniki maksatly desgalar guruldy. Öňden bar bolan birnäçe desgalaryň bolsa durky düýpli täzelenip, gümrük nokadynyň umumy meýdany 5,2 gektardan 10 gektara çenli giňeldildi.

Aşgabatda «CZN Burak Gurme» restoranlar zynjyrynyň şahamçasy açyldy

Aşgabat şäherindäki «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Türkiýäniň meşhur «CZN Burak Gurme» restoranlar zynjyrynyň şahamçasy açyldy. Şahamçanyň açylyş dabarasyna restoranlar zynjyryny esaslandyryjy, tutuş dünýäde «CZN Burak» ady bilen meşhur bolan türkiýeli aşpez Burak Özdemiriň özi gatnaşdy. Açylyş dabarasyna paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ençemesi gatnaşdy. Dabaranyň çäklerinde ildeşlerimiz üçin «CZN Burak Gurme» restoranlar zynjyry tarapyndan dürli täsirli çäreler guraldy. Türkiýeli meşhur aşpez Burak Özdemiriň hut özüniň türkmen milli lybasynda gelenlere hödür-kerem etmegi has-da täsirli boldy. Ýeri gelende bellesek, şu wagta çenli «CZN Burak Gurme» restoranlar zynjyry Türkiýe, BAE, Bahreýn, Iordaniýa, Katar, Müsür, Täjigistan, Özbegistan we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlarda hereket edýärdi. Indi olaryň hataryna Türkmenistan hem goşuldy.

Bitarap Türkmenistan — ylalaşdyryjy merkez

Halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly asylly däpleri bu günki günde döwletimiziň oňyn bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde syýasy durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de durnukly gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm girewi bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda «Hemişelik Bitaraplyk derejesi eziz Watanymyzyň häzirki döwürde dünýä ýüzünde il-uluslaryň we Zeminiň geljegi hakyndaky wezipeleriň maksadalaýyk çözgütleriniň üpjün edilmeginde esasy orny kesgitleýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine hem gönükdirilendir» diýlip bellenilişi ýaly, bitaraplyk ýörelgesi örän giň we çuň filosofiki mana eýedir. Dünýäde parahatçylygyň mekany we ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ata Watanymyz üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklar uly ähmiýete eýedir. Çünki Milletler Bileleşigi halkara gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň we ösdürmegiň strategik binýady bolup çykyş edýär. Öz gezeginde Bitarap ýurdumyzyň şeýle abraýly guramada möhüm orna eýedigini nygtamak buýsançlydyr. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň baş

TÜRKMEN MEDENIÝETINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI

Her bir maşgalanyň däp-dessura ýugrulan ýörelgeleri medeniýeti kemala getirýär. Medeniýet irki döwürlerden bäri, halkyň ýaşaýyş derejesini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir. Her halk özüniň medeniýetini baýlaşdyrmak bilen dünýä medeniýetine goşant goşýar. Türkmen medeniýetiniň ajaýyplygy, çuňňur mazmuny, pelsepesi barada oýlananyňda, göz öňüňde Älemiň ýaradylyşynyň gözel pursadynyň keşbi janlanýar. Çünki medeni baýlyklarymyzyň owadanlygynda Arşyň we Kürsüň iň naýbaşy ajaýyplyklary, onuň many-mazmunynda bolsa dünýäniň akyldar-filosoflarynyň asyrlar içre gözlän sowallarynyň anyk we aýdyň jogaby jemlenipdir. Eýsem, medeniýet näme? Milli Liderimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda «Medeniýet — ahlak we edep ýörelgeleriniň binýady» diýip, jaýdar belleýär. Bu bolsa Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary terbiýelemekde milli medeniýetimiziň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli medeniýetimiz türkmeniň edim-gylymyna, pikir-garaýşyna ýugrulandyr. Halkymyzyň medeniýetine bolan sarpasy her bir türkmen ojagyndan başlanýar. Türkmenler dünýä ýüzünde zähmetsöýer, adalatly, ruhubelent, gaýduwsyz, edermen halk hökmünde tanalýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde, olarda milli däp-dessurlara bolan söýgini döretmekde amaly-haşam sungatynyň, türkmen halkynyň kalbynyň aýnasy bolan haly sungatynyň, şan-şöhraty äleme dolan seýisçilik sungatynyň,

Adam hukuklarynyň güni

Ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň strategiýasyny üpjün etmekde esasy orun adam hukuklaryna degişlidir. XX asyryň I ýarymynda bolup geçen jahan uruşlary dünýä jemgyýetçiligini hökmanylyk güýje eýe bolan, adam hukuklarynyň goragyny üpjün etjek halkara hukuk kadalaryny döretmeklige mejbur etdi. Halkara derejede parahatçylygy gorap saklamak, halklaryň arasynda dostlugy ýola goýmak, ykdysady, durmuş, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, dünýäniň 51 döwletleriniň degişli wekilleriniň gatnaşmaklarynda 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda dünýä döwletleriniň arasynda aýratyn ygtyýarlyklardan peýdalanmagy göz öňünde tutulýan iň iri we uly halkara guramalaryň biri bolan Birleşen Milletler Guramasy döredilýär. Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji mejlisinde kabul edildi. Bu jarnama adamyň esasy hukuklary we azatlyklary beýan edilen binýatlaýyn halkara resminamadyr. Onuň möhüm ähmiýeti göz öňünde tutulyp, 1950-nji ýyldan bäri, BMG-niň ýörite çözgüdi esasynda her ýylyň 10-njy dekabry Adam hukuklarynyň güni diýlip yglan edildi. Ählumumy jarnamanyň kabul edilmeginden soň, 76 ýylyň içinde ol bütin dünýäde millionlarça adamyň durmuşynda sanardan has kän peýdaly özgerişmeleriň esasy bolup hyzmat etdi we 90-dan gowrak milli Konstitusiýawe köpsanly milli, sebitleýin we halkara kanu

50 ýaşly akyl oýunjagy

Dünýäde iň meşhur oýunjak hasaplanylýan «Rubigiň kuby» bilen gyzyklanmaýan adam ýer ýüzünde az-azdyr. Tapmaça şekilli bu oýunjak çaganyň aňynyň ösmegine, pikirlenip bilmek endikleriniň geriminiň giňemegine, bilesigelijiliginiň artmagyna, ýatkeşliginiň kämilleşmegine ägirt uly täsir edýär. Döredilenine ýarym asyr bolan «Rubigiň kuby» 1974-nji ýylda wengriýaly heýkeltaraş, binagärlik mugallymy Erno Rubik tarapyndan oýlanyp tapylan mehaniki tapmaçadyr. Bu oýunjak halk köpçüligine «jadyly kub» ady bilen belli boldy we 1980-nji ýylda ol at «Rubigiň kuby» bilen çalşyldy. «Rubigiň kubynyň» döreýşi barada aýdanymyzda, 1970-nji ýylyň ortalarynda Budapeştdäki amaly sungat akademiýasynyň içerki dizaýn bölüminde sapak geçýän Erno şol wagtlar talyplara matematiki teoriýalary düşündirmekde biraz kynçylyk çekýärdi. Günleriň birinde Erno Rubik talyplara üç ölçegli zatlary düşündirmek üçin 27 sany agaç kub ýasady we olaryň hersini 6 dürli reňk bilen boýady. Soňra olaryň mehanizmini döretmek üçin reňkli kublary garyşdyrdy we olary öňki kaddyna getirmek üçin, kubuň üstünde onlarça gün işledi. Tutanýerli hem-de irginsiz zähmetiň netijesinde kublaryň reňklerini birleşdirmek, olaryň mehanizmini tapmak Rubige başartdy. Şol ýyl hem Erno «jadyly kub» üçin Wengriýanyň ygtyýarnama­syny aldy. Wagtyň geçmegi bilen aşa köp pikirlenmegi talap edýän tapmaça şekilli kublar jemgyýetiň isleg bildirýän önümine ö

Hrustalmy ýa-da kristal?

Hrustal bilen kristal sözleri rifma taýdan sazlaşýan himiki jisim hem bolsa, bu sözleriň aňladýan manylary aýry-aýrydyr. Hrustal sözüni jemgyýetiň arasynda köp eşidýäris. Sebäbi hrustaldan ýasalan önümler öýlerde, edara-binalarda, jemgyýetçilik merkezlerinde, dynç alyş ýerlerde bezeg hökmünde (suwenir) köp ulanylýar. Bu önüm ilkinji gezek Gresiýada ýüze çykypdyr. Gadymy döwürlerde hrustaldan ýasalan gap-gaçlardyr küýzeler, bulgurlar we beýleki önümler gymmat bahalardan satylypdyr. Hrustal düzüminde 24 göterim gurşun ýa-da bariý oksidini saklaýan aýnanyň ýörite görnüşidir. Gurşun oksidiniň goşulmagy aýnanyň refraktiw görkezijisini we içindäki ýagtylygyň ýaýramagyny, şeýle-de jisimiň plastiki häsiýetini ýokarlandyrýar. Bu bolsa islendik önüm ýasalanda oňa forma bermäge oňaýly mümkinçilik döredýär. Kristal ýa-da gaty kristal komponentleri ýokary tertipli mikroskopiki gurluşda ýerleşdirilip, ähli tarapa uzalyp gidýän kristal panjarany emele getirýän gaty jisimdir. Kristallary geometrik görnüşi bilen kesgitläp bolýar, adatça, aýratyn häsiýetli ugurlary bolan tekiz üstlerden durýar. Ýeri gelende belläp geçsek, kristallary öwrenýän ylma kristalografiýa diýilýär. Kristallaryň hrustaldan tapawutly ýeri ereme prosesine çalt uýgunlaşmagydyr. Çalt ereýän kristallara mysal üçin gar tozgalary we nahar duzuny mysal getirmek bolar. Gaty kristallara bolsa uly göwrümli buzlar, göwher, almaz ýal

Gazagystandan 4 restoran

Dünýäniň iň gowy restoranlarynyň we myhmanhanalarynyň sanawyny düzýän «La Liste» bu ýyl Gazagystandan 4 restorany dünýäniň iň gowy 1000 restoranynyň hataryna goşdy. Ol restoranlar şulardyr: «Uçgunjyk» (Almaty), «Auyl» (Almaty), «Qazaq Gourmet» (Astana) we «Selfie» (Astana).

HIÇ HAÇAN ÝEKE DOLANDYRMAŇ, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Ikinji düzgün

Eýnşteýniň 10 sany altyn ündewi

Biziň köpimiz kolumbiýaly meşhur ýazyjy Gabriel Garsia Markesiň ýogalmazdan ozal, goýup giden hoşlaşyk hatynda daş-töwerekden alan täsirlenmeleriniň ömrüne ýörelge, döretmäge ylham çeşmesi bolandygyny nygtaýşyny bilýäňizmi? Albert Eýnşteýniň goýup giden 10 sapagy-ündewi hem hut şu zeýillidir. Geliň, okap göreliň! «Men elmydama özümiň we durmuşymyň hemişe başga adamlaryň (goý, olar aramyzdan giden bolsun ýa-da käte duşuşyp duran bolaly, tapawudy ýok) işleridir pikirleri bilen baglanyşyklydygyna magat göz ýetirdim. Şonuň üçin hem men özümi näçe açdygymça, özümdäki pikirleridir täzelikleri bu dünýä bagyş edip bildigimçe, ýene-de özgelerden alan we alýan zatlaryma minnetdardyryn» diýýän belli alym özüniň miras goýan sapak-ündewlerini şeýle beýan edýär:

Mani ýa-da pul harplygy oýun ýaly usul arkaly üstünlige we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 17. MAMAM BILEN BABAM TÖWEKGELLIK ETMEK ISLEMEÝÄRLER

In­no­wa­si­on sport hep­de­li­gi

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li ta­lyp­lar we elekt­ron sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len bi­le­lik­de gur­a­mak­la­ryn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň Spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň kö­pu­gur­ly sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da in­no­wa­si­on sport hep­de­li­gi geçiril­di. Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da spor­tuň he­re­ket­li we san­ly, şeý­le hem elekt­ron spor­ty gör­nüş­le­rin­den ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar gel­jek ýyl­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän «Gel­je­giň oýun­la­ry» at­ly hal­ka­ra ýa­ry­şy­nyň saý­la­ma tap­gyr­la­ryn­da çy­kyş et­jek ze­hin­li tür­gen­le­ri ýü­ze çy­kar­ma­ga ýar­dam eder. Bu ýa­ryş­la­ryň esa­sy we­zi­pe­si ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek­den, san­ly ul­ga­my ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­dir­mek­den, ýaş­la­ryň fi­zi­ki iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mek­den, bu ugur­da ze­hin­li tür­gen­le­ri ýü­ze çy­kar­mak­dan, san­ly sport bo­ýun­ça öza­ra tej­ri­be alyş­mak üçin müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek­den yba­rat­

Hal­ka ber­len peş­geş

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­myz ba­ky bag­ty­ýar­ly­gyň asu­da gu­ja­gyn­da, eş­ret­li dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gör­ýän gün­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýe­ne-de bir aja­ýyp ki­ta­by­ny türk­men hal­ky­na peş­geş ber­di. Ki­ta­byň şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zy, me­de­ni mi­ra­sy­my­zy, türk­men ede­bi­ýa­ty­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýan­dy­gy üçin oňa «Ha­ky­da göw­he­ri» di­ýip at goý­ma­gy we onuň il­kin­ji ne­şi­ri­ni Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymy­za iber­me­gi diýseň guwandyryjy waka öwrüldi. El­bet­de, «Ata kes­bi — og­la ha­lal» di­ýen pä­him­den ugur alan Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz pe­der ýo­lu­ny ähli ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän­di­gi­ni «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy», «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­tap­la­ryn­dan hem gör­mek bol­ýar.

Tä­ze ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň oky­jy­la­ra go­wuş­ma­gy şat­lyk­ly gün­le­riň şow­hu­ny­ny art­dyr­dy. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­kim­li­gin­de gu­ra­lan ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden­ler mu­nuň şeý­le­di­gi­ni buý­sanç bi­len nyg­ta­dy­lar. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly ki­ta­byň çap­dan çyk­ma­gy my­na­sy­bet­li Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zy gut­la­dy­lar hem-de asyl­ly dö­re­di­ji­lik işi üçin türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.

Fe­rens Puş­kaş adyn­da­ky baý­ra­ga da­laş­gär­ler

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Hal­ka­ra fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy (FI­FA) 2024-nji ýy­lyň iň go­wy pök­gü­si üçin Fe­rens Puş­kaş adyn­da­ky baý­ra­ga da­laş­gär tür­gen­le­riň sa­na­wy­ny çap et­di. Bu ba­ra­da FI­FA-nyň res­mi web sa­hy­pa­sy ha­bar ber­ýär. Ha­bar­da sa­na­wa gi­ren pök­gü­le­riň der­we­zä gi­ri­zi­len pur­sat­la­ry­nyň wi­deo­ýaz­gy­la­ry hem ýer­leş­di­ri­lip­dir.

Aý­dym-saz ha­kyn­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Aý­dym-saz ösüm­lik­le­ri jan­lan­dy­ryp bi­ler. Sül­le­rip bar­ýan gü­lüň ýa­nyn­da ýa­kym­ly­ja sa­zy açyp goý­sa­ňyz ol gö­zü­ňi­ziň öňün­de jan­la­nar, reň­ki­ne ge­ler.

Di­ňe ýa­gyş ha­kyn­da

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024

Gyşda wag­ty­ňy tä­sir­li ge­çir­mek üçin nä­me bi­len meş­gul­lan­ma­ly?

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Gyş pas­lyn­da wag­ty­ňy tä­sir­li ge­çir­mek üçin bir­nä­çe peý­da­ly maslahatlar bar. Şeý­le çyl­şy­rym­ly we so­wuk wagt­lar­da wag­ty­ňy peý­da­ly ge­çir­mek hem ru­hy, hem fi­zi­ki taý­dan sag­dyn bol­ma­ga kö­mek eder.