TÜRKMEN MEDENIÝETINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI

8 Dekabr 2024
96

Her bir maşgalanyň däp-dessura ýugrulan ýörelgeleri medeniýeti kemala getirýär. Medeniýet irki döwürlerden bäri, halkyň ýaşaýyş derejesini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir. Her halk özüniň medeniýetini baýlaşdyrmak bilen dünýä medeniýetine goşant goşýar. Türkmen medeniýetiniň ajaýyplygy, çuňňur mazmuny, pelsepesi barada oýlananyňda, göz öňüňde Älemiň ýaradylyşynyň gözel pursadynyň keşbi janlanýar. Çünki medeni baýlyklarymyzyň owadanlygynda Arşyň we Kürsüň iň naýbaşy ajaýyplyklary, onuň many-mazmunynda bolsa dünýäniň akyldar-filosoflarynyň asyrlar içre gözlän sowallarynyň anyk we aýdyň jogaby jemlenipdir. Eýsem, medeniýet näme? Milli Liderimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda «Medeniýet — ahlak we edep ýörelgeleriniň binýady» diýip, jaýdar belleýär. Bu bolsa Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary terbiýelemekde milli medeniýetimiziň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli medeniýetimiz türkmeniň edim-gylymyna, pikir-garaýşyna ýugrulandyr. Halkymyzyň medeniýetine bolan sarpasy her bir türkmen ojagyndan başlanýar. Türkmenler dünýä ýüzünde zähmetsöýer, adalatly, ruhubelent, gaýduwsyz, edermen halk hökmünde tanalýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde, olarda milli däp-dessurlara bolan söýgini döretmekde amaly-haşam sungatynyň, türkmen halkynyň kalbynyň aýnasy bolan haly sungatynyň, şan-şöhraty äleme dolan seýisçilik sungatynyň, milli dokma önümçiliginiň, owazy aýdyma öwrülen şelpeleriň sungaty bolan zergärçiligiň orny uludyr. Her bir türkmen maşgalasynda ýaş nesillere berilýän terbiýe olara milli medeniýetiň özenini düzýän işleri öwretmekden başlanýar. Türkmençilikde ýaş gyzlara el işlerini öwretmeklik esasy hünär terbiýesiniň biri bolupdyr. Gelin-gyzlarymyzyň çeper ellerinden çykýan keşdedir gaýma nagyşlar özbaşyna bir gözellik dünýäsi bolup, göreni özüne maýyl edýär.

Keşdäniň has owadan, has nepis bolmagy üçin ýüpek sapagy üçürdikläp, içki towunam ýagşyja ýetirip işlenýär. Soňam ony keşde edilýän iňňä sapyp, her sanjanda nagyşlaýan matasynyň birje argajyny garbadyp, keşde çekýärler. Gaýma-da edil şonuň ýaly nepislik bilen gaýalýar. Biriniň gaýma gaýamaga ökdedigini nygtajak bolsalar hakyky bolşundan ulaldyp: «Pylany keteniniň erşini dört bölüp, gaýma gaýaýar» diýip mahabatlandyrýarlar. Şeýdip, sünnälenip çekilen keşdedir gaýma ýüpegiň lowurdysy bilen, işiminiň zire-zire bolup durşy bilen edil kümüş sapakdan çekilen ýaly ýalkym saçyp duran, ussatlyk bilen edilen işler kemala gelýär. Bu işe «Edil zer çekilen ýaly» diýen bahanyň berilmegi gyzlaryň ýüreginde el işleri bilen meşgullanmaga bolan söýgini artdyrýar. Olaryň täze öwüşginli, häzirki zamana laýyk gelýän el işlerini döretmeklerine itergi berýär. Netijede, el hünäriniň nesilden-nesle geçmegi gazanylýar we täsin aýratynlyga eýe bolan terbiýe mekdebi döreýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen medeniýetinde gelin-gyzlaryň on barmagyndan çykýan el işlerine uly orun berilýär.

Mähriban GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.