«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz baky bagtyýarlygyň asuda gujagynda, eşretli durmuşyň hözirini görýän günlerinde Gahryman Arkadagymyz ýene-de bir ajaýyp kitabyny türkmen halkyna peşgeş berdi. Kitabyň şöhratly taryhymyzy, medeni mirasymyzy, türkmen edebiýatyny dabaralandyrýandygy üçin oňa «Hakyda göwheri» diýip at goýmagy we onuň ilkinji neşirini Arkadagly Gahryman Serdarymyza ibermegi diýseň guwandyryjy waka öwrüldi. Elbetde, «Ata kesbi — ogla halal» diýen pähimden ugur alan Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny ähli ugurlar boýunça üstünlikli dowam etdirýändigini «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryndan hem görmek bolýar.