Hrustalmy ýa-da kristal?

8 Dekabr 2024
83

Hrustal bilen kristal sözleri rifma taýdan sazlaşýan himiki jisim hem bolsa, bu sözleriň aňladýan manylary aýry-aýrydyr. Hrustal sözüni jemgyýetiň arasynda köp eşidýäris. Sebäbi hrustaldan ýasalan önümler öýlerde, edara-binalarda, jemgyýetçilik merkezlerinde, dynç alyş ýerlerde bezeg hökmünde (suwenir) köp ulanylýar. Bu önüm ilkinji gezek Gresiýada ýüze çykypdyr. Gadymy döwürlerde hrustaldan ýasalan gap-gaçlardyr küýzeler, bulgurlar we beýleki önümler gymmat bahalardan satylypdyr. Hrustal düzüminde 24 göterim gurşun ýa-da bariý oksidini saklaýan aýnanyň ýörite görnüşidir. Gurşun oksidiniň goşulmagy aýnanyň refraktiw görkezijisini we içindäki ýagtylygyň ýaýramagyny, şeýle-de jisimiň plastiki häsiýetini ýokarlandyrýar. Bu bolsa islendik önüm ýasalanda oňa forma bermäge oňaýly mümkinçilik döredýär.

Kristal ýa-da gaty kristal komponentleri ýokary tertipli mikroskopiki gurluşda ýerleşdirilip, ähli tarapa uzalyp gidýän kristal panjarany emele getirýän gaty jisimdir. Kristallary geometrik görnüşi bilen kesgitläp bolýar, adatça, aýratyn häsiýetli ugurlary bolan tekiz üstlerden durýar. Ýeri gelende belläp geçsek, kristallary öwrenýän ylma kristalografiýa diýilýär. Kristallaryň hrustaldan tapawutly ýeri ereme prosesine çalt uýgunlaşmagydyr. Çalt ereýän kristallara mysal üçin gar tozgalary we nahar duzuny mysal getirmek bolar. Gaty kristallara bolsa uly göwrümli buzlar, göwher, almaz ýaly berk jisimler degişlidir.

Taýýarlan: Bägül GURBANOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölüminiň kitaphanaçysy