Ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň strategiýasyny üpjün etmekde esasy orun adam hukuklaryna degişlidir. XX asyryň I ýarymynda bolup geçen jahan uruşlary dünýä jemgyýetçiligini hökmanylyk güýje eýe bolan, adam hukuklarynyň goragyny üpjün etjek halkara hukuk kadalaryny döretmeklige mejbur etdi. Halkara derejede parahatçylygy gorap saklamak, halklaryň arasynda dostlugy ýola goýmak, ykdysady, durmuş, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, dünýäniň 51 döwletleriniň degişli wekilleriniň gatnaşmaklarynda 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda dünýä döwletleriniň arasynda aýratyn ygtyýarlyklardan peýdalanmagy göz öňünde tutulýan iň iri we uly halkara guramalaryň biri bolan Birleşen Milletler Guramasy döredilýär. Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji mejlisinde kabul edildi. Bu jarnama adamyň esasy hukuklary we azatlyklary beýan edilen binýatlaýyn halkara resminamadyr. Onuň möhüm ähmiýeti göz öňünde tutulyp, 1950-nji ýyldan bäri, BMG-niň ýörite çözgüdi esasynda her ýylyň 10-njy dekabry Adam hukuklarynyň güni diýlip yglan edildi. Ählumumy jarnamanyň kabul edilmeginden soň, 76 ýylyň içinde ol bütin dünýäde millionlarça adamyň durmuşynda sanardan has kän peýdaly özgerişmeleriň esasy bolup hyzmat etdi we 90-dan gowrak milli Konstitusiýawe köpsanly milli, sebitleýin we halkara kanunlara hem-de institutlara täsirini ýetirdi.
Her bir adamyň jynsyna, reňkine, gender aýratynlyklaryna, diline, dinine, milli ýa-da durmuşy gelip çykyşyna, eýeçiligine, dogluş statusyndaky tapawutlara garamazdan, Ählumumy jarnamada sanalyp geçilen azatlyklara hukugy bardyr.