Ata Watany goramak mukaddes borçdur
Biziň her birimiziň ykbalymyz Watan bilen bagly, Watan — bagtyýar ýaşaýşymyzyň şaýady. Köňüldäki hyjuwymyz, zybandaky dessanymyz, goldaky tarymyz — Watana bolan söýgimiziň nyşany. Şonuň üçin hem türkmen nesli dünýä inen gününden başlap, şular bilen bagly gymmatlyklary beýan edýän hüwdi bilen kemala gelýär. Taryha ser salnanda, bu hakykatyň geçmişiň müňýyllyklaryndan gözbaş alýandygyna göz ýetirmek bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, Watan özüniň gerçekleri bilen beýikdir. Watanyň abraýy merdana ogullary bilen beýgelýär. Bu zatlar ýürege ýazylgy heýkel ýaly müdimidir. Gerçek ogullary terbiýelemek parahatçylykly döwrümizde hem hakyky merdanalygy terbiýelemegiň, durnukly şahsyýetleri kemala getirmegiň möhüm bölegi bolup durýar.