Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi partiýanyň welaýat komitetleri bilen sanly ulgam arkaly wideoşekilli maslahat geçirdi. Oňa Agrar partiýanyň welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri hem gatnaşdylar.
Maslahatda geçen ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda oba hojalyk işgärlerini, daýhanlary ýokary hilli önüm öndürmek ugrunda täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak üçin wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ata Watanymyzy agrar döwletden senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça geçirilýän işleri ilata düşündirmek babatda partiýanyň öňünde goýlan wezipeler barada durlup geçildi hem-de olary durmuşa geçirmegiň anyk ýollary kesgitlendi.