Zybanynda Watan waspy

25 Ýanwar 2021
1504

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz aladalarynyň netijesinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler ruhubelent ýaşlaryň döredijilik ylhamyny has-da joşdurýar. Ýaşajyk Watan waspçylary gül Diýarymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini şygyrlaryň, aýdymlaryň üsti bilen taryp edýärler. Watan waspyny dillerine sena edip, ýürek söýgüsini şygyrlaryna siňdirýän zehinli ýaşlaryň biri hem Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Söýli Muhamowadyr.

Söýli heniz çagalar bagyna gatnaýarka «Bilgirje», «Zehin», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiklerde çykyş edip, deň-duşlaryndan saýlanýar. Ejesi Sapargül gelnejäniň gürrüň bermegine görä, Söýli, ýaşdygyna garamazdan, teleradioýaýlymlarda goýberilýän hekaýalardyr goşgulary ünsli diňleýär. Dogany Mukamyň okap berýän goşgularyny bolsa onuň yzy bilen gaýtalap, ýatdan öwrenýär.

Eneş ŞAMÄMEDOWA.