DEPDER. ÝAZMAK. OKAMAK
Öňki ýazgy — bellik edýän depderim doldy-da, bu gün täzesini tutdum («Tutdum» diýäýýän, okuwçykak «Ýaşlyk» albom tutulýardy, şonuň täsiri bolsa gerek). Muny maňa agam berdi. «Özi ýazdyrýan ýaly» diýýär. Näçe taryp etseň, edibermeli ol depderi: sahypalarynda artykmaç ýazgy — sene, şekil we ş.m. ýok. Öýjük-öýjük däl-de, göni-göni çyzykly. Ýylpyldap, gözüňem gamaşdyranok. Ýüzünde galamyňy isleýşiňçe ýöredibermeli. Muňa nämedir bir zat ýazyp bilseň, ýene köp ýyldan soň hem ony arkaýyn okap bolsa gerek. Çünki kagyzy gowy. 2000-nji ýylda ýöreden bir gündelik depderim düşdi arada elime. Hatymyň düşnüksizligindenem beter, syýa kagyzyň ýüzüne ýaýrap, harplar ýognapdyr, solupdyr. Üstesine-de, sahypalaryň ýüzünde ugrukdyryjy çyzyklar hökmünde edilen öýjük-öýjükler şeýle bir ýiti welin, onuň derdinden ýaňa, haty okamak hyllalla.