Ata Watany goramak mukaddes borçdur

25 Ýanwar 2021
1520

Biziň her birimiziň ykbalymyz Watan bilen bagly, Watan — bagtyýar ýaşaýşymyzyň şaýady. Köňüldäki hyjuwymyz, zybandaky dessanymyz, goldaky tarymyz — Watana bolan söýgimiziň nyşany. Şonuň üçin hem türkmen nesli dünýä inen gününden başlap, şular bilen bagly gymmatlyklary beýan edýän hüwdi bilen kemala gelýär.

Taryha ser salnanda, bu hakykatyň geçmişiň müňýyllyklaryndan gözbaş alýandygyna göz ýetirmek bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, Watan özüniň gerçekleri bilen beýikdir. Watanyň abraýy merdana ogullary bilen beýgelýär. Bu zatlar ýürege ýazylgy heýkel ýaly müdimidir. Gerçek ogullary terbiýelemek parahatçylykly döwrümizde hem hakyky merdanalygy terbiýelemegiň, durnukly şahsyýetleri kemala getirmegiň möhüm bölegi bolup durýar.

Ýagşymyrat NURYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.