Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. «Watan goragy iýen halal duzuňy haklamakdyr» diýen at bilen guralan bu çärede gümrük gullukçylarynyň baýramçylyk mynasybetli gutlag çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Sahnada we onlaýn arkaly welaýat gümrükhanalaryndan dabara gatnaşyp çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi, harby gullukçylar üçin döredilen gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri, gümrük işiniň sanly esasdaky usulyýetiniň baýlaşdyrylyşy, gümrük nokatlarynda amala aşyrylýan gulluk-gözegçilik işiniň döwrebaplaşdyrylyşy barada uly buýsanç bilen bellediler.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýratyn many-mazmuna beslenýän şanly sene mynasybetli guralan baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň aýdym-saz toparynyň harby gullukçylarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazlara giň orun berlip, olarda ata Watanymyzyň waspy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik işleriniň tarypy ýetirildi. Dabaranyň ahyrynda göreldeli gulluk edýän harby gullukçylara baýramçylyk mynasybetli ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.