"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli Garaşsyzlyk we maliýe-bank ulgamy

Islendik döwletiň durnukly ösüşinde onuň maliýe-ykdysady ulgamyna uly orun degişlidir. Pul dolanyşygyny akylly-başly ýöredip, onuň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagyny gazanmak bolsa bu syýasatyň netijeliligine baglydyr. Şoňa görä-de, bu ulgamy üstünlikli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda alnyp barlan sazlaşykly döwlet syýasaty netijesinde, milli bank ulgamy kemala getirildi. Onuň hereket etmeginiň binýadynda goýlan düýpli ýörelgeler durmuş ugurly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda iki derejeli bank ulgamy döredildi. Häzir hem hereket edýän bu ulgam Türkmenistanyň Merkezi bankyndan we dürli eýeçilik görnüşi bolan dokuz sany bankdan ybaratdyr. Bu ulgamyň durnukly hereket etmegi ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyň aýgytlaýjy şerti bolup çykyş edýär.

Hormatly talyplar we ata-eneler!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär. «Talyp karzy» ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde, gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça berilýär.

Sanly ykdysadyýet ösüş ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, üstünlikli alnyp barylýar. Konsepsiýa ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Sanly ykdysadyýete geçilmeginiň täze tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri talap edýändigi göz öňünde tutulyp, ilkinji nobatda bilim ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly hünärmenleriň taýýarlanylmagy esasy wezipe bolup durýar.

Ykdysadyýetiň möhüm ugry

ÄTIÝAÇLANDYRYŞYŇ MÜMKINÇILIKLERI Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ätiýaçlandyryş ulgamy hem güýçli depginde kämilleşdirilýär. Ätiýaçlandyryşyň esasy maksady ätiýaçlandyryş halatlary diýlip atlandyrylýan ätiýaçlandyrylan şahslara we emläklere ýüze çykýan hadysalar netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan, girdejileriň durnuklylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Onuň netijeli guraly hökmünde ätiýaçlandyryşa bolan isleg artýar.

Kämilligiň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekde belent sepgitleriň zamanasy bolýar. Muňa jemgyýetimiziň durmuşynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmelerem, bolup geçýän jemgyýetçilik-syýasy wakalaram aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň ösüş-özgerişli döwrümiziň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň konstitusion gurluşyny pugtalandyrmak bilen bagly başlangyçlary giň gerime eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň sentýabrynda geçen mejlisinde döwlet Baştutanymyz konstitusion özgertmelere badalga berdi. Şu Maslahatyň 2020-nji ýylyň sentýabryndaky mejlisinde jemi jemlenen konstitusion özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda kanun çykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde we kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda aýgytly ädim ädildi. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda iki palataly ulgam döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar esasynda degişli kanun kabul edildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyndan we Mejlisinden ybarat, hil taýdan täze iki palataly ulgama geçildi.

Milli ykdysadyýetimiz döwrebaplaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden gözbaş alýan giň möçberli maksatnamalar milletimiziň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şundan görnüşi ýaly, amala aşyrylýan tutumly işler ykballara nur çaýýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly hem-de durnukly ösüşi öňde goýlan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmekde möhüm şert bolup durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwrebap innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýete geçmek tapgyry amala aşyrylýar. Bu tapgyrda ýurdumyzyň karz edaralarynyň öňünde nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek, bank işini doly sanlylaşdyrmak, müşderilere hödürlenýän hyzmatlary döwrebaplaşdyrmak bilen, uzak aralykdan ýokary hilli bank hyzmatlaryny amala aşyrmak, täze bank önümlerini ornaşdyrmak, kartly hasaplaşyklar ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamak, pul toplumyny kadalaşdyrmak we gözegçilikde saklamak ýaly esasy wezipeleriň bardygy aýratyn nygtalmaga degişlidir.

Kämil ulgam rowaç alýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamy ösüşlere beslenýär. Bazar gatnaşyklaryna daýanyp, ösüşiň täze belentliklerine barýan milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” agzalyp geçilen ugurda işleri amal etmegiň kanunçylyk-hukuk binýadyny düzýär. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy beýleki ykdysady düzümler bilen bir hatarda bank işiniň hem kämilleşdirilmegini we bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady ýurduň ykdysadyýetini, şol sanda bank ulgamyny sanlylaşdyrmak bolup durýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy ilatyň we hojalyklaryň ösen isleglerini ýokary derejede we doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Maksatly myradyna ýeter

Eziz Diýarymyz — tebigy süýümleriň aňrybaş görnüşleri bolan pagtanyň, ýüpegiň, ýüňüň bolluk bilen öndürilýän ýurdy. Şol süýümlerden dokalýan matalardan taýýarlanan egin-eşikleriň dürli haryt nyşanlary bilen belgilenip, dünýä bazarlaryna ýaýradylýandygy bolsa, ýurdumyzyň täze tehnologiýalar arkaly berkidilýän dokma pudagynyň önümçilik düzüminiň dünýä ülňülerine gabat gelýändigini görkezýän aýdyň alamatlardyr. Bu gün ol önümler dünýäniň satyn alyjy iri kompanýalarynyň uly gyzyklanmasyny gazanyp bilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa milli haryt nyşanly brendlerdir. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi arkaly il-günümiziň ösen islegini kanagatlandyrmak üçin, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň içerki bazarlarynyň dükanlaryna ýaýradylýan milli önümleriň hatarynda dürli matalardan başga-da çagalar üçin balak, bermud, şorty, kombinezon, ýeňsiz ýaly egin-eşikler, şeýle hem futbolka, maýka, tunika, sarafan, erkek, zenan, çaga pižamalary, erkekler üçin ýeňli, ýeňsiz köýnekler ýaly ençeme harytlary görkezmek bolar. Daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutmak bilen, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini barha giňeldýän, milli öwüşginliligi, bedene ýakymlylygy, döwrebaplygy bilen müşderiniň göwnüne ýaraýan bu ajaýyp egin-eşikler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup ulanylmaga berlen täze tehnologiýaly dokma toplumlarynda, şeýle hem du

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň we Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de polipropileni, Gonkongyň we Singapuryň telekeçileri bolsa degişlilikde polietileni we tehniki kükürdi satyn aldylar.

Ykdysady we medeni ösüş maksatlary

ulag-logistika düzümleriniň kämilleşmeginde şöhlelenýär Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda ulag-logistika ulgamyndaky möhüm taslamalara-da uly orun degişlidir. Ýakynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen Kerki Halkara howa menzili hem Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ornuny berkitmekde nobatdaky ädimdir.

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Paýtagtymyzdaky «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Konsertde meşhur sazandalar, halk we estrada aýdymçylary çykyş etdi. Tans we halk döredijiligi toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Çykyşlaryň her biri halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan söýgüsini we guwanjyny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiziň döreden «Bagt nury» aýdymy tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. Owadan mukamy, manyly sözleri bilen bu aýdym ýygnananlaryň kalbynda uly orun tapdy hem-de tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalary munuň subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk konsertiň ahyrynda hemmeleriň gatnaşmagynda «Uzak ýaşa, Arkadag!» atly aýdym ýerine ýetirildi. Bu aýdymyň joşgunly sözleri we sazy halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan bagtyýarlyk we buýsanç duýgularyny beýan etdi. * * *

Durnukly ösüşiň baş şerti

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz doly döwrebaplaşdyrylýar. Halk hojalygyny köpugurly ösdürmek, ähli pudaklara we ulgamlara sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Hususan-da, häzirki tehnologiýalar eýýamynda ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiligini ýokarlandyrmaklyga strategik wezipe hökmünde garalýar. Bu ugurda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň baş şerti bolup durýar. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynda ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Şu jähetden, ýurdumyzda degişli ugry kemala getirmek üçin giň möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär, daşary ýurtlarda öndürilen iň kämil innowasiýalar halk hojalygynyň pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Bu babatda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek ugrunda taryhy özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa amala aşyrylýan döwrebap işleriň özara sazlaşykly we utgaşykly ýerine ýetirilmegine ýardam berýär.

Ösüşleriň möhüm şerti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ösüşi, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokary derejelere ýetýär. Täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap zawoddyr fabrikler, senagat kärhanalary, ýaşaýyş toplumlary, çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, dynç alyş, sport we hyzmat ediş desgalary yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ýokary depginler bilen ösüşini gazanmak babatda toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýäde «sanly ykdysadyýet» diýlen düşünjä aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly ykdysadyýet munuň özi internetiň mümkinçiliklerine daýanýan, ykdysady nusgadyr. Sanly ykdysadyýet zähmet öndürijiliginiň, bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi ýaly mümkinçiliklere eýedir. Ylmyň we tehnikanyň gazananlary, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösmegi täze ykdysadyýeti emele getirýär. Üpjünçilik ulgamy, ýagny internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk ulgamy sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmeginiň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle hem, bu ykdysadyýetiň wajyp ugurlary hökmünde elektron işewürligi — hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak, elektron söwdanyň, hyzmatlaryň internet arkaly berjaý edilmegi babatdaky işler häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň energetika ulgamy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy has-da golaýlaşýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde asyrlara ýaň saljak tutumly işler, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Eziz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda düýpli ösüşler gazanylyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Dünýäniň häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlary, kämil tehnologiýalary, sanly ulgamy ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylyp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň dürli döwletleri hem-de dürli ulgamlarda uly tejribä we öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Eziz Diýarymyzyň ykdysady we söwda hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň gerimi yzygiderli giňelýär we täze depgine eýe bolýar, dürli derejelerde aragatnaşyklar işjeňleşýär.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagy

Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, dünýäde esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasyny nebitgaz pudagy düzýär. Uglewodorodlary gözlemek we çykarmak, nebitgazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň hilini we görnüşlerini artdyrmak bilen bir hatarda, döwletimiziň maýa goýumlarynyň agramly bölegi gaýtadan işleýän kuwwatlyklary, düzümi döwrebaplaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmagyň paýyna düşýär. Ýurdumyzyň kuwwatly serişdeler binýady bolsa, energiýa serişdelerini durnukly ibermek üçin uzak möhletleýin şertnamalary baglaşmaga esas berýär. Her ýylda onlarça milliard kub metr möçberde tebigy gaz ugradylýan Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige beslenýändigini aňladýar. Şeýle hem halkara gatnaşyklary tejribesinde bu taslama döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle-de, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem gyzgalaňly dowam edýär. Energetika ulgamynda birnäçe möhüm taslamalary amala aşyrmakda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan HHR-niň iri kompaniýalary bilen oňyn tejribe toplanyldy. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň öňünd

Döwrebap hyzmat üçin giň mümkinçilikler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň her bir geçen güni bizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine barha golaýlaşdyrýar. Bu ajaýyp baýramçylyk gününiň golaýlaşmagy bilen, şu günler ýurdumyzda gurlup, halkymyza sowgat edilýän dürli maksatly desgalaryň sany barha artýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň bu taryhy senesi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň garamagyndaky durky düýpgöter täzelenen 170-nji awtoulaglara ýangyç guýujy döwrebap bekediň ulanylmaga berilmegi hem ýakymly pursatlara baý boldy. Gubadag şäheriniň bir kilometr töweregi günortasynda, ýagny Gubadag — Daşoguz awtoulag ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu bekediň durkuny täzelemek işlerini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň welaýat bölüminiň ezber elli gurluşykçylarynyň ýokary hil derejesinde alyp barandyklaryny turuwbaşdan bellemek bolar. Bekediň durkuny täzeläp, döwrebaplaşdyrmak ugrunda gysga möhletlerde alnyp barlan gurluşyk-gurnama işlerinde ýokarda ady agzalan bölümiň uly ussasy Amanmyrat Garasaçowyň ýolbaşçylygynda kerpiç örüjiler Sahyt Garlyýew, Mukam Haljanow, suwagçylar Merdan Artykow, Jumabaý Pirjanow, betonçylar Sapa Artykow, Araz Taýlyýew, reňkleýji M

Sanly ykdysadyýet — ygtybarly binýat

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, halk hojalygyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha berkeýär. Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, halk hojalygynyň pudaklaryny we olaryň dolandyryş ulgamyny düzüm taýdan täzeden guramak işleri giň gerimde ýola goýulýar. Bäsdeşlige ukyply, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Tapgyrlaýyn esasda durmuşa ornaşdyrylýan bu konsepsiýa ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň depginli ösüşini täze, belent sepgitlere çykarmaga mümkinçilik berýär. Milli ykdysadyýetiň döwre görä kämilleşdirilmegi dünýäniň iň oňat tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikirlerini we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy talap edýär. Bu özgertmeler ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna zerur şert döredýär.

Döwrebap ulag ulgamy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň energetika howpsuzlygy, öňüni alyş diplomatiýasy, ekologiýa we suw diplomatiýasy, üstaşyr ulag mümkinçiliklerini döretmek babatdaky öňdengörüjilikli başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu aýdylýanlar bilen bir hatarda, Türkmenistan ulag ulgamyny ösdürmegi ugur edinýän milli, şeýle hem sebit we halkara ähmiýetli giň mümkinçilikli taslamalary amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlary, teklipleri öňe sürýär. Şonuň esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Ulag ulgamlarynyň batly depginlerde ösdürilmegi täze durmuş-ykdysady şertleriniň döredilmegine, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňelmegine, goňşy ýurtlar, şeýle hem dünýäniň beýleki döwletleri we halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edýär.

Rowaç tutumlar bilen

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen soňky ýyllarda dünýä bazaryna çykarylýan bäsdeşlige ukyply milli harytlarymyzyň görnüşlerini artdyrmaga we olary eksport etmek işlerini döwrebap guramaga giň ýol açylýar. Bu bolsa ilkinji nobatda, eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda jemi içerki önümiň öndürilişi görnetin artýar, önümçilik kärhanalarynyň sany köpelýär we önüm öndürilişiniň depgini ýokarlanýar. Eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerinde, gazanan guwandyryjy netijelerinde biziň welaýatymyzyň hem senagat, oba hojalyk kärhanalarynyň, önüm öndürijileriniň aýratyn paýy bar. Welaýatymyzyň önüm öndürijileri harytlyk önümleriň öndürilişi, ýokary görkezijileriň gazanylmagy ugrunda yzygiderli aladalanýarlar. Zähmetsöýer daýhanlarymyz hem azyk bolçulygyny döretmekde, bazarlarymyzy dürli nygmatlar bilen doldurmakda gaýratly zähmet çekýärler. Olaryň ählisiniň bilelikdäki maksady bolsa ilaty öz topragymyzda öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmekden ybaratdyr. Bu ugurda olaryň eýeleýän öňegidişlikleri tutanýerli zähmetiň gaýnap-joşýandygynyň subutnamasydyr.

Ykdysady ösüşleriň ugrunda

Kämilligiň ýolunda Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda ykdysadyýeti innowasion ýol bilen ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde döwlet we hususy telekeçiler ysnyşykly iş alyp barýarlar. Ykdysady syýasatyň üýtgäp durýan şertlerinde telekeçilige we işewürlige ygtybarly gorag gerek. Bu ugurda ätiýaçlandyryş möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň maliýe ulgamy hem-de şonuň bilen aýrylmaz baglanyşykda bolan ätiýaçlandyryş işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Ätiýaçlandyryş işi ätiýaçlandyrýanlary maliýe we durmuş babatynda dürli tebigy hadysalardan we tebigy betbagtçylyklardan, ekologiki taýdan zyýanly ýagdaýlarda goramaga gönükdirilendir. Ol “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnamanyň esasynda hereket edýär.