Maksatly myradyna ýeter

4 Iýul 2021
1675

Eziz Diýarymyz — tebigy süýümleriň aňrybaş görnüşleri bolan pagtanyň, ýüpegiň, ýüňüň bolluk bilen öndürilýän ýurdy. Şol süýümlerden dokalýan matalardan taýýarlanan egin-eşikleriň dürli haryt nyşanlary bilen belgilenip, dünýä bazarlaryna ýaýradylýandygy bolsa, ýurdumyzyň täze tehnologiýalar arkaly berkidilýän dokma pudagynyň önümçilik düzüminiň dünýä ülňülerine gabat gelýändigini görkezýän aýdyň alamatlardyr. Bu gün ol önümler dünýäniň satyn alyjy iri kompanýalarynyň uly gyzyklanmasyny gazanyp bilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa milli haryt nyşanly brendlerdir.

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi arkaly il-günümiziň ösen islegini kanagatlandyrmak üçin, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň içerki bazarlarynyň dükanlaryna ýaýradylýan milli önümleriň hatarynda dürli matalardan başga-da çagalar üçin balak, bermud, şorty, kombinezon, ýeňsiz ýaly egin-eşikler, şeýle hem futbolka, maýka, tunika, sarafan, erkek, zenan, çaga pižamalary, erkekler üçin ýeňli, ýeňsiz köýnekler ýaly ençeme harytlary görkezmek bolar. Daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutmak bilen, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini barha giňeldýän, milli öwüşginliligi, bedene ýakymlylygy, döwrebaplygy bilen müşderiniň göwnüne ýaraýan bu ajaýyp egin-eşikler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup ulanylmaga berlen täze tehnologiýaly dokma toplumlarynda, şeýle hem durky düýpli täzelenip döwrebaplaşdyrylan önümçilik birleşiklerinde taýýarlanylýar.

Aýnabat DURDYÝEWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.