ulag-logistika düzümleriniň kämilleşmeginde şöhlelenýär
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda ulag-logistika ulgamyndaky möhüm taslamalara-da uly orun degişlidir. Ýakynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen Kerki Halkara howa menzili hem Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ornuny berkitmekde nobatdaky ädimdir.