Döwrebap hyzmat üçin giň mümkinçilikler

30 Iýun 2021
1325

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň her bir geçen güni bizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine barha golaýlaşdyrýar. Bu ajaýyp baýramçylyk gününiň golaýlaşmagy bilen, şu günler ýurdumyzda gurlup, halkymyza sowgat edilýän dürli maksatly desgalaryň sany barha artýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň bu taryhy senesi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň garamagyndaky durky düýpgöter täzelenen 170-nji awtoulaglara ýangyç guýujy döwrebap bekediň ulanylmaga berilmegi hem ýakymly pursatlara baý boldy.

Gubadag şäheriniň bir kilometr töweregi günortasynda, ýagny Gubadag — Daşoguz awtoulag ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu bekediň durkuny täzelemek işlerini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň welaýat bölüminiň ezber elli gurluşykçylarynyň ýokary hil derejesinde alyp barandyklaryny turuwbaşdan bellemek bolar. Bekediň durkuny täzeläp, döwrebaplaşdyrmak ugrunda gysga möhletlerde alnyp barlan gurluşyk-gurnama işlerinde ýokarda ady agzalan bölümiň uly ussasy Amanmyrat Garasaçowyň ýolbaşçylygynda kerpiç örüjiler Sahyt Garlyýew, Mukam Haljanow, suwagçylar Merdan Artykow, Jumabaý Pirjanow, betonçylar Sapa Artykow, Araz Taýlyýew, reňkleýji Merdan Mirliýew, elektrik bilen kebşirleýji Atabek Hojamyradow, elektrik ussasy Kuwwat Çaryýew we ýük ýükleýji hem-de düşüriji «DISD» ulagynyň sürüjisi Şatlyk Esenow dagy agzybirlikde zähmet çekmek bilen, öz hünär ussatlyklaryny görkezdiler. Netijede bolsa halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebisleşip, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna buýsançly barýan häzirki günlerinde taslama kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda alty ýüz awtoulaga hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan, dünýäniň ösen döwletleriniň ýangyç guýujy kompýuterleşdirilen enjamlary bilen doly üpjün edilen döwrebap beket bagtyýar gubadaglylaryň hyzmatyna berildi.