Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagy

30 Iýun 2021
1588

Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, dünýäde esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasyny nebitgaz pudagy düzýär. Uglewodorodlary gözlemek we çykarmak, nebitgazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň hilini we görnüşlerini artdyrmak bilen bir hatarda, döwletimiziň maýa goýumlarynyň agramly bölegi gaýtadan işleýän kuwwatlyklary, düzümi döwrebaplaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmagyň paýyna düşýär. Ýurdumyzyň kuwwatly serişdeler binýady bolsa, energiýa serişdelerini durnukly ibermek üçin uzak möhletleýin şertnamalary baglaşmaga esas berýär.

Her ýylda onlarça milliard kub metr möçberde tebigy gaz ugradylýan Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige beslenýändigini aňladýar. Şeýle hem halkara gatnaşyklary tejribesinde bu taslama döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle-de, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem gyzgalaňly dowam edýär. Energetika ulgamynda birnäçe möhüm taslamalary amala aşyrmakda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan HHR-niň iri kompaniýalary bilen oňyn tejribe toplanyldy. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, täze guýular burawlananda we türkmen gazyny eksporta ugratmakda möhüm orun degişli bolan «Galkynyş» gaz känini döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyny bellemek bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde hem işjeň häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi.

Nurgözel MYRATDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.