Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekde belent sepgitleriň zamanasy bolýar. Muňa jemgyýetimiziň durmuşynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmelerem, bolup geçýän jemgyýetçilik-syýasy wakalaram aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň ösüş-özgerişli döwrümiziň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň konstitusion gurluşyny pugtalandyrmak bilen bagly başlangyçlary giň gerime eýe bolýar.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň sentýabrynda geçen mejlisinde döwlet Baştutanymyz konstitusion özgertmelere badalga berdi. Şu Maslahatyň 2020-nji ýylyň sentýabryndaky mejlisinde jemi jemlenen konstitusion özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda kanun çykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde we kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda aýgytly ädim ädildi. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda iki palataly ulgam döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar esasynda degişli kanun kabul edildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyndan we Mejlisinden ybarat, hil taýdan täze iki palataly ulgama geçildi.