"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Özbegistandan, Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle-de türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen pagta ýüplügi satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 23 million 142 müň 420 amerikan dollaryna deň boldy.

Russiýa 264,2 müň tonna guş etini eksport etdi

9 — 12-nji oktýabr aralygynda Moskwa şäherinde Russiýanyň agrosenagat toplumynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan «Altyn güýz-2024» («Золотая осень-2024») sergisi geçirildi. Serginiň çäginde ýurduň oba hojalygy bilen bagly birnäçe maglumatlar paýlaşyldy. Oňa laýyklykda, Russiýa Federasiýasy şu ýylyň 9 aýynda 264,2 müň tonna guş etini eksport edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim köpdür. Mundan başga-da, hasabat döwründe Russiýa 37,7 müň tonna sygyr etini (22 göterim ösüş), 132,3 müň tonna süýt önümlerini (14 göterim ösüş) daşary ýurtlaryň bazarlaryna iberipdir. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň balykçylyk hojalygynyň eksporty geçen ýylyň degişli döwründäkiden 19 göterim azalyp, 1,2 million tonna deň bolupdyr.

Türkiýäniň dünýä derwezesi

ýa-da dünýäni «geýindirýän» türk markalary Türkiýe taryhda-da, häzirki günlerde-de özüniň öndürýän ýokary hilli önümleri bilen meşhurlyk gazandy. Oba hojalyk, dokma senagaty, gurluşyk, öý-hojalyk harytlarynyň, tehnikalarynyň önümçiligi ýurduň ykdysadyýetiniň ösmeginde ähmiýetlidir. Şunda ýurduň dokma pudagyna-da aýratyn orun degişli. Çünki gözbaşyny Osman imperiýasyndan alyp gaýdýan dokmaçylyk häzirki günlerde hem Türkiýäniň milli ykdysadyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşýar. Baryp-ha, XIX asyryň ahyrlarynda ýurduň Denizli, Tokat, Bursa welaýatlarynda dokma fabrikleri işledilipdir. 1915-nji ýylda ýurduň çägindäki dokma pudagynda iş alyp barýan kärhanalaryň sany 73-e ýetirilipdir.

«Fortune 500» Ýewropanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň sanawyny düzdi

ABŞ-nyň iň uly kärhanalarynyň sanawyny düzýän «Fortune 500» žurnaly ilkinji gezek Ýewropanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň sanawyny taýýarlady. Oňa 24 ýurduň kompaniýalary girizilen. «Fortune 500» žurnalynyň habar bermegine görä, kärhanalaryň umumy ýyllyk girdejisi 13,9 trillion amerikan dollaryna deň boldy. Şol sanawa giren käbir kärhanalar: «Shell» (Beýik Britaniýa), «Volkswagen» (Germaniýa), «Uniper» (Germaniýa) we «Mercedes-Benz Group» (Germaniýa).

62 müň amerikan dollaryna ýetdi

Soňky ýyllaryň dowamynda bitkoiniň bahasy 124 göterim ýokarlanyp, ýokarlanyş ýene dowam edýär. Şu ýylyň martynda bolsa, bitkoiniň bahasy ýokary görkezijä — 72 müň amerikan dollaryna ýetipdi. Onuň hümmeti geçen hepdäniň dowamynda ýene 3 göterim artyp, 62 müň amerikan dollaryna barabar boldy.

Sanly ulgam — ykdysadyýetiň kuwwaty

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlaryna sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa ykdysady ulgamlarda täzeçil çemeleşmeleri durmuşa geçirmäge uly ýardam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine çykmak, elektron senagaty döretmek babatda bitirilen beýik işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýet kemala getirilýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy maksady döwletiň, milli işewürlik birleşikleriniň we raýat jemgyýetiniň sazlaşykly gatnaşygynda amatly guramaçylyk hem-de kadalaşdyryjy hukuk şertlerini döretmekden, şeýle hem ählumumy sanly ekoulgamyň emele gelýän şertlerinde milli ykdysady şertleri (aktiwleri) dolandyrmagyň ulgamyny hem-de onuň düzümini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Gurýan döwlet gurpludyr

Döwrebap kärhananyň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda gol çeken Kararyna laýyklykda girişildi. «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary täze, döwrebap kärhananyň gurluşygyny üstünlikli tamamladylar. Ynha, buşlukly habar, eýýäm ilkinji önüm ildeşlerimizi begendirýär. Kärhananyň hünärmenleri Italiýanyň «Adipson» kompaniýasy tarapyndan gurnalan kämil enjamlar arkaly buýan köküni täzeden işläp, glisirrizin turşusyny öndürýärler. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, buýan kökünden alynýan glisirrizin turşusy derman senagatynda giňden ulanylýar, onuň biologik täsiri güýçli hasap edilýär, şeýle-de azyk önümlerine goşulýan bu önüm ynsan bedeniniň sagdyn ösmeginde, bedende alyş-çalşyň kadaly geçmegini üpjün etmekde örän peýdalydyr.

Täze bina — baýrama sowgat

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ykdysady kuwwatymyza kuwwat goşýan halk hojalyk ähmiýetli desgalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Şolaryň birisi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda Türkmenabat şäherinde «Türkmendermansenagat» birleşiginiň S.A. Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň düzüminde işe girizilen buýan kökünden glisirrizin turşusuny öndürýän kärhanadyr. Biz baranymyzda Italiýanyň bu desganyň enjamlaryny gurnan «Adipson» kompaniýasynyň baş direktory Ýowanka Laýtfut hem kärhanada ekeni. Ol italýan hünärmenleriniň enjamlary gurnamak boýunça işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin häli-şindi gelip durandygyny, bu ýerde myhmansöýer adamlar bilen duz-çörek bolandygyny, güneşli toprakda geçiren günleriniň ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrandygyny hem desga bilen baglanyşykly gürrüňleriniň arasyna goşýar. Baş direktor zawodyň açylyş dabarasynyň hem özleri üçin toý-baýrama öwrülendigini ýatlaýar.

Ösüşlerde paýymyz bar

Bu desga bütinleý täze, biziň ykdysadyýetimize mahsus bolmadyk önümi öndürip başlady. Glisirrizin turşusy, mälim bolşy ýaly, derman senagatynda, azyk önümçiliginde giňişleýin ulanylýar. Biz — ýaşlar şeýle täze işleriň başynda barýandygymyza guwanýarys. Men ekstraksiýa bölüminde işleýärin. Bu ýerde täze önümiň emele gelmegi üçin esasy bolan işler ýerine ýetirilýär. Elbetde, bölümleriň ählisiniň işi hem biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Şonuň üçin öz işlerimiziň kemini-köstüni goýmazlyk ugrunda tutanýerli zähmet çekýäris. Ekstraksiýa geçirmek üçin uly gaplaryň 54-si gurnaldy. Önümiň talabalaýyk bolmagy üçin örän ünsli bolmaly. Bu uly desgany gurdurandygy üçin biz — ýaşlar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize öz hoşallyklarymyzy bildirýäris. Goý, ýurdumyzda şeýle kuwwatly desgalar ýene-de köpelip, mähriban Watanymyzyň ösüşlerine goşantlaryny goşsunlar.

Yhlas bilen, höwes bilen

Men barlamhanada önümiň çig maldan başlanýan ýerinden tä taýýar bolýan tapgyryna çenli gözegçiligi amala aşyrýaryn. Önümçilik binasynda buýan kökünden glisirrizin turşusy emele gelýänçä, oňa işçi-hünärmenleriň agramly zähmeti siňýär. Biz bolsa önümiň öndüriliş tapgyrynyň hersinde degişli barlaglary amala aşyryp durýarys. Barlamhanamyz dürli enjamlar bilen üpjün edildi. Kämil tehnologiýalar arkaly barlag işleri çalt amala aşyrylýar. Wagtyň kiçijik bir ülşi hem iň çylşyrymly barlaglary amala aşyrmak üçin ýeterlidigi bilen haýran galdyrýar. Işler bu ýerde takyk we sazlaşykly guralýar. Barlamhananyň işinde iş tejribämiziň we bilimlerimiziň artmagyna serbiýaly hünärmenler ýardam berdiler. Öz işine belet, bu ugurdan ýörite bilimli hünärmenler glisirrizin turşusynyň emele gelşiniň dowamynda we önüm taýýar görnüşine geleninde, barlagy çalt we kämil geçirmegi birkemsiz öwretdiler. Men — ýaş hünärmen. Geljekde hem özüme ynanylan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirerin. Hormatly Prezidentimize ýaşlara şeýle desgalarda zähmet çekmek üçin iş orunlaryny döredip berýändigi üçin çyn ýürekden alkyş aýdýaryn.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Durnukly ösüşiň kepili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň zamanasy bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna badalga berildi. Ýurdumyzda ykdysady ösüşleriň ýokarlanmagynda sanly ykdysadyýete giň gerim berilmegem uly ähmiýete eýe bolýar.

Täze guýular ulanyşa berildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň  «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň baýlyk gözleýjileri birbada iki guýynyň  gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Olar Uzynada baýlyklar känindäki 80,  Demirgazyk Goturdepe  baýlyklar känindäki 415 belgili ulanyş maksatly guýulardan «gara altynyň» we  gaz kondensatynyň  senagat akymyny almagy başardylar. Geçirilen gazuw işleriniň netijesinde Uzynada meýdançasyndaky taslama çuňlugy 6800 metr bolan guýynyň  6652-6659  metr çuňlugyndan gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy.  Önümli guýy «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa berlip, ol bir gije-gündizde 85 müň kub metr tebigy gaz we 73 tonnadan gowrak kondensat berýär.  Kämil burawlaýyş enjamlarydyr desgalary bilen üpjün edilen Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary  Demirgazyk Goturdepe känindäki taslama çuňlugy 4870 metr bolan guýynyň 4536-4539 we 4564-4569 metr çuňluklaryndan nebitiň senagat akymyny aldylar. «Gara altynly» guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol guýy häzir bir gije-gündizde 35  tonna nebit berýär.  

Döwrebaplaşdyrmak ýörelgesi dowamat-dowam

«Adipson» kompaniýasynyň wekili Kerim Akmyradowyň aýtmagyna görä, Serbiýadan, Müsürden gelen hünärmenlerem kärhananyň dünýäniň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilmeginde uly işjeňlik görkezipdirler. Buýan kökünden ýokary hilli glisirrizin turşusyny öndürmekde bu bitirilen işleriň ähmiýeti juda uludyr. Gymmatly önüm diňe bir ýurdumyzyň içersi üçin däl, eýsem, eksporta hem iberiler. Şeýle önümçilik biziň ýurdumyzda ilkinji gezek peýda boldy. Ýöne welin bu desga ýurdumyzyň halk hojalygynda soňky ýyllaryň dowamynda gurlup, ulanylmaga berlen täze önümçilikleriň ilkinjisi däldir. Olaryň sany örän köpdür. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny goýan döwrebaplaşdyrmak syýasatyny hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirmegi netijesinde innowasion tehnologiýalar önümçilikde ýokary depginde ornaşdyrylýar. Täze kärhanada hem buýan köküni gaýtadan işlemek üçin dünýä ýurtlarynyň iň kämil tehnologiýalarynyň oturdylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň we mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylýandygyny görkezýär. S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň başlygynyň orunbasary Baýram Seýithanow täze kärhanada öndürilýän önümiň aýratynlyklary, şol bir wagtyň özünde, ekologiýa taýdan arassalygy bilen örän tapawutlanýandygyny gürrüň berýär.

Glisirrizin turşusy — dünýä islegli önüm

Önümçiligiň guralyşyna uly gyzyklanma bilen syn edýäris. Ylmyň we dünýä tejribesiniň gazananlary desganyň ähmiýetini göz öňüňde beýgeldýär. Ýedi bölekden ybarat önümçilik binasynda ilki buýan köki toprak, daş ýaly garyndylardan arassalanylýar. Kök owradyjy enjamlar toplumynda bolsa buýan köki belli bir ululykda owradylýar we taýýar edilen kök bölejikleri ýygnaýjy enjamlar arkaly üýşürilýär. Owradylyp taýýar edilen buýan kök bölejikleri bellenilen tehnologiýa şertlerine we kadalaryna laýyklykda ýapyk konweýeriň kömegi bilen ekstraksiýa bölümine ugradylýar. Bölümde ýokary hilli, häzirkizaman enjamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde işler takyk we sazlaşykly alnyp barylýar. Birinji tapgyrda silindr görnüşli gaplaryň 54-sinde ekstraksiýa prosesi geçirilýär.

Siziň araňyzda özümizi bagtly saýýarys

Täze kärhanany enjamlaşdyrmak biziň kompaniýamyzyň paýyna düşdi. Men hem inžener hökmünde bu işe öz şahsy goşandymy goşýandygyma örän begenýärin. Desgany dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary bilen üpjün etdik, olary gurnadyk. Şeýle hem desgada işlejek ýaşlara iş endiklerini, ukyp-başarnyklary ele almaklary üçin zerur bolan bilimleri öwretdik. Biziň iş öwreden ýaşlarymyz eýýäm iş orunlarynda özbaşdak işleýärler. Bu bolsa biziň zähmetimiziň ýerine düşendigini görkezýär. Iň esasy maksadymyza ýetdik. Ilkinji gezek Türkmenistanda glisirrizin turşusy öndürilip başlandy. Geçen günlerimiz ýakymly ýatlamalara öwrülýär. Biziň işimiz biziň ýüzümizi görkezýär. Yhlas bilen zähmet çekdik. Türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentine şeýle kuwwatly desgany enjamlaşdyrmagy kompaniýamyza ynanandygy üçin sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkyna ähli rowaçlyklary arzuw edýäris.

Täze desga işe girizildi

Halkymyzyň ýaşaýşyna barha täze eşretleri getirýän, mähriban Watanymyzyň mertebesine mertebe goşýan taryhy işleriň sanawy barha artýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda Türkmenabat şäherinde «Türkmendermansenagat» birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň düzüminde işe girizilen buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana hem şeýle ajaýyp işleriň biri boldy.

Dokma toplumynyň batly gadamlary

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hem-de Dokma senagaty işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň başlangyjy esasynda redaksiýamyzyň döredijilik topary Babadaýhan dokma toplumynda döredijilik iş saparynda boldy. Onuň barşynda ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň agzalan ýaş kärhanasynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmak miýesser etdi.

Sanly ykdysadyýet: döwrebap ösüşe tarap

Ýurdumyzyň bank işgärleriniň öňünde nagt däl hasaplaşyklary ýokarlandyrmak, raýatlar, edara-kärhanalar bilen banklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, hasaplaşyklaryň dünýäde ulanylýan täze we häzirkizaman usullaryny ornaşdyrmak, innowasiýa bank tehnologiýalaryny ösdürmek, maksatnama üpjünçiligini ösdürmek ýaly wezipeler durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sanly ykdysadyýetiň giň gerimde ösdürilmegi, innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga uly itergi berilmegi rowaçlyklaryň baş çeşmesi bolup durýar. Bank ulgamynda hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, hilini ýokarlandyrmak maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalar giň gerimde ulanylýar, ösen kompýuter tilsimatlarynyň tehniki taýdan programma üpjünçiligi yzygiderli kämilleşdirilýär.

Gyrgyzystan Hazarüsti geçelgesi we Türkmenistanyň çäginden ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Bekžan Rysmendeýew öz ýurdunyň Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini we infrastrukturany hem-de multimodal logistikany kämilleşdirmek başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi. Bu barada ministr 3-nji oktýabrda Aşgabatda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça geçirilen ýokary derejeli çärede aýtdy. Mundan başga-da, Bekžan Rysmendeýew Türkmenistana iş sapary wagtynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşdy we hyzmatdaşlyk esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Ulag pudagynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy

Geçen  hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.