ýa-da dünýäni «geýindirýän» türk markalary
Türkiýe taryhda-da, häzirki günlerde-de özüniň öndürýän ýokary hilli önümleri bilen meşhurlyk gazandy. Oba hojalyk, dokma senagaty, gurluşyk, öý-hojalyk harytlarynyň, tehnikalarynyň önümçiligi ýurduň ykdysadyýetiniň ösmeginde ähmiýetlidir. Şunda ýurduň dokma pudagyna-da aýratyn orun degişli. Çünki gözbaşyny Osman imperiýasyndan alyp gaýdýan dokmaçylyk häzirki günlerde hem Türkiýäniň milli ykdysadyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşýar. Baryp-ha, XIX asyryň ahyrlarynda ýurduň Denizli, Tokat, Bursa welaýatlarynda dokma fabrikleri işledilipdir. 1915-nji ýylda ýurduň çägindäki dokma pudagynda iş alyp barýan kärhanalaryň sany 73-e ýetirilipdir.