Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Bekžan Rysmendeýew öz ýurdunyň Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini we infrastrukturany hem-de multimodal logistikany kämilleşdirmek başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi. Bu barada ministr 3-nji oktýabrda Aşgabatda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça geçirilen ýokary derejeli çärede aýtdy.
Mundan başga-da, Bekžan Rysmendeýew Türkmenistana iş sapary wagtynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşdy we hyzmatdaşlyk esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.