9 — 12-nji oktýabr aralygynda Moskwa şäherinde Russiýanyň agrosenagat toplumynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan «Altyn güýz-2024» («Золотая осень-2024») sergisi geçirildi. Serginiň çäginde ýurduň oba hojalygy bilen bagly birnäçe maglumatlar paýlaşyldy. Oňa laýyklykda, Russiýa Federasiýasy şu ýylyň 9 aýynda 264,2 müň tonna guş etini eksport edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim köpdür.
Mundan başga-da, hasabat döwründe Russiýa 37,7 müň tonna sygyr etini (22 göterim ösüş), 132,3 müň tonna süýt önümlerini (14 göterim ösüş) daşary ýurtlaryň bazarlaryna iberipdir. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň balykçylyk hojalygynyň eksporty geçen ýylyň degişli döwründäkiden 19 göterim azalyp, 1,2 million tonna deň bolupdyr.