Ösüşlerde paýymyz bar

9 Oktýabr 2024
405

Bu desga bütinleý täze, biziň ykdysadyýetimize mahsus bolmadyk önümi öndürip başlady. Glisirrizin turşusy, mälim bolşy ýaly, derman senagatynda, azyk önümçiliginde giňişleýin ulanylýar. Biz — ýaşlar şeýle täze işleriň başynda barýandygymyza guwanýarys. Men ekstraksiýa bölüminde işleýärin. Bu ýerde täze önümiň emele gelmegi üçin esasy bolan işler ýerine ýetirilýär. Elbetde, bölümleriň ählisiniň işi hem biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Şonuň üçin öz işlerimiziň kemini-köstüni goýmazlyk ugrunda tutanýerli zähmet çekýäris. Ekstraksiýa geçirmek üçin uly gaplaryň 54-si gurnaldy. Önümiň talabalaýyk bolmagy üçin örän ünsli bolmaly.

Bu uly desgany gurdurandygy üçin biz — ýaşlar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize öz hoşallyklarymyzy bildirýäris. Goý, ýurdumyzda şeýle kuwwatly desgalar ýene-de köpelip, mähriban Watanymyzyň ösüşlerine goşantlaryny goşsunlar.

Bagtyýar JUMAÝEW,
hünärmen.