Sanly ulgam — ykdysadyýetiň kuwwaty

9 Oktýabr 2024
347

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlaryna sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa ykdysady ulgamlarda täzeçil çemeleşmeleri durmuşa geçirmäge uly ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine çykmak, elektron senagaty döretmek babatda bitirilen beýik işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýet kemala getirilýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy maksady döwletiň, milli işewürlik birleşikleriniň we raýat jemgyýetiniň sazlaşykly gatnaşygynda amatly guramaçylyk hem-de kadalaşdyryjy hukuk şertlerini döretmekden, şeýle hem ählumumy sanly ekoulgamyň emele gelýän şertlerinde milli ykdysady şertleri (aktiwleri) dolandyrmagyň ulgamyny hem-de onuň düzümini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Maýsa ANNAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.