"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bitaraplyk — geljege ynamyň sarsmaz sütüni

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň gözbaşy, belent maksatlary, hoşgylaw meýilleri agzybirlige, asudalyga, parahatçylyga, lebzihalallyga, dost-doganlyga, sylag-hormata esaslanýar. Baky Bitarap ata Watanymyz dünýä bileleşigi tarapyndan agzybirligi we parahatçylygy, dost-doganlygy döretmegiň, ösdürmegiň ýurdy hökmünde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr». Ýurdumyzda alnyp barylýan daşary hem içeri syýasat halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly mümkinçilikleri döredýär. Eziz Diýarymyz dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyny orta goýýar. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar, giňeldýär, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýär. Berkarar döwletimiziň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda, ählumumy howpsuzlygy berkitmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlary bitaraplyk ýörelgämiziň bütin dünýäde dabaralanmagyna giň ýol açýar. Gahryman Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolup

Asuda durmuşyň we ösüşiň sakasy

Biziň Garaşsyz döwletimiz umumadamzat gymmatlyklaryna, demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, raýat asudalygyny kepillendirmek, BMG we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek bilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň borçlaryny doly berjaý edýär. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady, medeni, gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda döwletimiz uly üstünliklere eýe bolup, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň belentliklerine, aýdyň ertirlerine sary barýar. Häzirki döwürde ata Watanymyz sebit we bütin dünýä döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekip, hoşniýetli, dostlukly gatnaşygy ýola goýýar.

Bitaraplyk bagty

Döwletimiziň taryhynyň şöhratly sahypalary şanly Garaşsyzlyk, şöhratly Bitaraplyk döwri bilen baglanyşykly. Çünki ýurdumyz özbaşdak ösüşiň milli ýolunda ähli ugurlarda görlüp-eşidilmedik ösüşleri gazanýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň köp ugurlardaky ösüşleriniň gözbaşy bolup, halkara giňişliginde abraýyny artdyrýar we Türkmenistan dünýäniň gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny tapýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan makullanmagy ähli ýurtlar we iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmekde mäkäm binýat bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň öz ykbalyny we geljegini özüniň gülledip ösdürmegine, dünýädäki beýleki döwletler bilen bir hatarda, goňşy ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyna mümkinçilik berýär.

Umumadamzat bähbitli başlangyçlar giň goldaw tapýar

Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny öz içine alýan çuň manyly çykyş etmegi Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň golaýda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleriniň Bişkek sammitinde ählumumy ösüş we howpsuzlyk bilen bagly öňe süren teklipleri hem Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda beýan edilen başlangyçlaryň logiki dowamy bolup, ýurdumyzyň halkara giňişlikde ileri tutýan ugurlarynyň BMG-niň Tertipnamasynda görkezilen ýörelgelere doly laýyk gelýändigini nobatdaky gezek subut etdi.

Ählumumy başlangyçlar uly goldawa eýe bolýar

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan edilen 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýändigine ünsi çekmek bilen, bu guramanyň işini kämilleşdirmek boýunça möhüm başlangyçlaryny beýan etdi. Hususan-da, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelerde bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, täze wehimlere hem-de howplara garşy bilelikde göreşmek wezipelerini durmuşa geçirmek babatda öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşen sebit merkeziniň işine doly ýardam berýär.

Parahatlyk — adamzadyň baş arzuwy (Ýaş žurnalistiň sözi)

Iň gowy aýdymlar parahatlyk, iň gowy dilegler asudalyk hakda bolýar. Halkymyzyň toý arzuwlary, oňat tutumlaryň rowaç bolmagy üçin edýän doga-dilegleri «Il-günümiz abadan, dünýämiz asuda bolsun!» diýen jümle bilen jemlenýär. Tüýs türkmençilige mahsus bu aýratynlyk umumadamzat gymmatlyklarynyň hem düýp özeninde durmak bilen, parahatçylygy ilerletmek özara gatnaşyklary barha çylşyrymlaşýan dünýämizde iň wajyp wezipe bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 19-njy sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşy taryhy ähmiýete eýe boldy. DÖWLET BAŞTUTANYMYZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA ÖŇE SÜREN TEKLIPLERI WE BEÝAN EDEN BAŞLANGYÇLARY:

Türkmenistan — ÝUNESKO: bilim ulgamyndaky oňyn gatnaşyklar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň seslenmä eýe bolýar. Ynha, ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 6-synyň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi şanly ýylymyzyň buýsançly wakalarynyň gerimini giňeltdi. Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň bu abraýly guramanyň agzasy hökmünde ykrar edilmegi we oňa degişli şahadatnamanyň gowşurylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň üstüni täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýene-de giň mümkinçilikleri açdy. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen ýola goýýan giň gerimli, anyk maksatlara gönükdirilen hyzmatdaşlygynyň ýylsaýyn giňeýändigini nygtamak gerek. 1953-nji ýyldan bäri hereket edýän «ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslamasy hem dünýäniň bilim edaralarynyň birnäçesini parahatçylyk döredijilik taglymatynyň we ynsanperwerlik gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwereginde jemleýär. Şonuň ýaly-da, bu taslamanyň esasy maksady Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de ÝUNESKO-nyň alyp barýan işlerini wagyz etmäge, medeni hem-de tebigy gymmatlyklary öwrenmäge, olary gorap saklamaga, ýaş nesilde hoşniýetliligi kemala getirmäge we olary sowatly

Halkara ýaşlar dialogy: täze mümkinçilikler

21-nji awgustda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli «Türkmenistan — ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat başlamazdan ozal, oňa gatnaşyjylar ýörite guralan sergi bilen tanyşdylar. Maslahatyň dabaraly bölegi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde «Ýaşlar Size alkyş aýdýar, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz!» diýen joşgunly çeper okaýyş bilen başlandy.

Türkmen-hytaý gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

Ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzasy, partiýanyň Sinhaý welaýat komitetiniň sekretary jenap Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda boldy. Saparyň barşynda dostlukly döwletiň wekiliýet agzalarynyň ýurdumyzyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynda döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda syýasy partiýalaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gepleşikleriň barşynda iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen dostlukly gatnaşyklary berkitmekde taraplaryň işjeň tagallalarynyň möhüm orny aýratyn bellenildi. Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar soňky ýyllarda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalarynyň netijesinde strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ählumumy ösüşiň strategiýasy

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge bilelikde we işjeň gatnaşmak, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, oňyn halkara dialoga hemmetaraplaýyn ýardam bermek Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň, şeýle-de diplomatiýasynyň strategik ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, ýagny ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, hoşmeýilli erk-islege esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi mundan beýläk-de Garaşsyz türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar. Türkmenistan abraýly halkara, sebit we döwletara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar, deňeçer we jebisleşdiriji halkara gün tertibiniň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen maksada okgunly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry esa

Türkmenistan ikinji Meýletin milli synyny tanyşdyrdy

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyz 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça tagallalara mynasyp goşant goşýar. Şunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek hem ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli synyny hödürlemek maksady bilen, golaýda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň howandarlygynda geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Demokratik özgertmeler — aýdyň geljegiň kepili

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni şanly ösüşlere, şatlykly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan ýurdumyzda halkymyzyň abadan durmuşyna, röwşen geljegine gönükdirilen taryhy özgertmeler amala aşyrylýar. Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk, asudalyk, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmek babatda edýän tagallalary-da uludyr. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wakalaryň biri boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň Watanymyzyň at-abraýynyň dünýäde barha belende galýan, beýik maksatly ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýän döwründe, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýändigi aýratyn many-mazmuna eýedir we buýsançlydyr. Çünki biziň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň arzuwlary, maksatlary berkarar döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň halkyň bagtyýarlygyny üpjün etmek, döwletimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän maksatnamalarynyň, özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar. Olar ýurdumyzyň ähli pudaklarynda işjeňlik görkezýärler.

Halkara hyzmatdaşlygynda täze ädimler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary barha berkeýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň netijesinde bilelikdäki ösüş üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Karary bu gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa öwrüldi. Metbugat sahypalaryndan hem mälim bolşy ýaly, bu Karar «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi. Karar bilen ýurdumyzyň Hökümetiniň Birleşen Arap Emirlikleri hem-de Täjigistan Respublikasy bilen ozal baglaşan Ylalaşyklarynyň birnäçesi tassyklanyldy.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik

24-nji iýul­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da ge­çi­ri­len te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik­de deň­hu­kuk­ly, bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň esa­sy ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, il­ki bi­len, Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wi dog­lan gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we onuň baş­tu­tan­ly­gyn­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­de ägirt uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nan­dy­gy­ny hem-de hal­kyň dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir­ki dö­wür­de Öz­be­gis­tan ok­gun­ly ös­ýän hem-de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi­ne ägirt uly go­şant goş­ýan ýurt­dur. Türk­me­nis­tan do­gan­lyk Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­la­ra ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär we asyr­la­ryň do­wa­myn­da ýa­kyn goň­şy hem-de yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş bo­lup dur­ýan bu ýurt bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri nyg­ta­dy.

Beýik başlangyçlaryň ykrarnamasy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine öz goşandyny goşup gelýär. Hususan-da, sebitiň döwletleri bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny bellemek gerek. Şol ýörelgeleriň düýp esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty durandyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek, ýagny 1995-nji hem-de 2015-nji ýyllarda kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara hukuk ýagdaýynyň dünýäde giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr. Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy saklamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi we bu abraýly guramanyň çäklerinde özüniň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen derwaýys başlangyçlary bilen uly abraýa eýe boldy.

Parahatçylyk we dostluk — döwrüň beýik hakykaty

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty, haýsy ugurda amala aşyrylsa-da, hemişe sazlaşykly we oýlanyşykly alnyp barlyp, bir maksada — Türkmenistanyň içerki ösüşi üçin amatly halkara şertleri döretmäge gönükdirilýär. Parahatçylyga, hoşniýetli dostluga esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä giňişliginde Bitarap döwletimiziň kanuny bähbitlerini üpjün etmäge ýardam berýär. Biz muňa Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylda döredilen Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu topar gysga wagtyň içinde özüne köp sanly dost gazanmagy, bitaraplyk ýörelgesinden ugur alyp, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmagy, iň esasysy bolsa, howpsuzlygyň, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine sebit we ählumumy derejede pikir alyşmak üçin giň, açyk hem-de oňyn meýdançany döretmegi başardy. Sähel döwürde durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamak, köptaraplaýyn we netijeli dialogy guramak ýeňil-ýelpaý iş däl. Muňa diňe guwanmak gerek.

Halkara gatnaşyklarynyň aýdyň sahypalary

Mälim bolşy ýaly, dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan, parahatçylyk ýoluny saýlap-seçen eziz Diýarymyz häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynyň täze menzillerini külterleýär. Bu menziller Arkadagly Serdarymyzyň jöwher paýhasy hem öňdengörüjiligi netijesinde, täze döwrüň beýik özgertmelerine badalga berýär. Gazanylýan beýik özgertmeler bolsa, Watanymyzyň halkara abraýyny öňküden-de pugtalandyrýar. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary aýdyň kesgitlenildi. Bu syýasat Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldaw tapýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna hem-de 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistana ÝUNESKO-nyň güwänamalary gowşuryldy

15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi. Myhman geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyza degişli güwänamalary gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli güwänamalary gowşurandygy üçin ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, munuň baý medeni mirasyny aýawly saklap, ony nesilden-nesle geçirip gelýän türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşýan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydygyny belledi.

Döwlet berkararlygynyň mizemez sütünleri

Mälim bolşy ýaly, her bir döwletiň Konstitusiýasynyň ony kabul edýän halkyň milli adatyna, däp-dessuryna esaslanýan özboluşly aýratynlyklary bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy aýratynlygy, onda berkidilen kadalaryň agramly böleginiň adamyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanun taýdan kepillendirilmegine gönükdirilmegindedir. Şahsyýet, onuň hukuklary we azatlyklary raýat jemgyýetiniň baş gymmatlygy bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy özygtyýarly döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, halkymyzyň bitewülik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirýär. Iň ýokary hukuk güýjüne eýe bolan Esasy Kanunymyzda berkidilen kadalaryň we düzgünleriň gös-göni hereketi bardyr, kabul edilýän ähli hukuk namalary ondan gözbaş alýar. Şunlukda, hukuk ulgamynyň bitewüligi we özara ylalaşyklylygy onuň başlangyç ýörelgeleriniň umumylygyny üpjün edýär. Syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryndaky özgertmeler hem konstitusion gurluş bilen jebis baglanyşykly alnyp barylýar.

Milli mirasymyzyň sarpasy

Halkymyzyň asyrlar aşyp, adamzat durmuşyndaky gadyr-gymmatyny saklap gelýän baý medeni mirasy bar. Ol gymmatlyklaryň dünýä derejesinde ykrar edilmegi bolsa buýsandyryjy ýagdaýdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu babatdaky hoş habarlaryň yzy üzülmeýär. Has takygy, 15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, BMG-niň özüniň wekilçilik edýän iri düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Hanym Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa degişli güwänamalary gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizmek boý