Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary barha berkeýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň netijesinde bilelikdäki ösüş üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Karary bu gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa öwrüldi. Metbugat sahypalaryndan hem mälim bolşy ýaly, bu Karar «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi. Karar bilen ýurdumyzyň Hökümetiniň Birleşen Arap Emirlikleri hem-de Täjigistan Respublikasy bilen ozal baglaşan Ylalaşyklarynyň birnäçesi tassyklanyldy.