24-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde deňhukukly, birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň baştutanlygynda Özbegistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de halkyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Häzirki döwürde Özbegistan okgunly ösýän hem-de ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşýan ýurtdur. Türkmenistan doganlyk Özbegistan Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklara ýokary baha berýär we asyrlaryň dowamynda ýakyn goňşy hem-de ygtybarly hyzmatdaş bolup durýan bu ýurt bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.