Ählumumy başlangyçlar uly goldawa eýe bolýar

4 Oktýabr 2023
1499

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan edilen 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýändigine ünsi çekmek bilen, bu guramanyň işini kämilleşdirmek boýunça möhüm başlangyçlaryny beýan etdi. Hususan-da, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelerde bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, täze wehimlere hem-de howplara garşy bilelikde göreşmek wezipelerini durmuşa geçirmek babatda öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşen sebit merkeziniň işine doly ýardam berýär. Sebit merkeziniň işiniň çäklerinde sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, umumysebit wehimlerini we howplaryny duýdurmagyň syýasy-hukuk, diplomatik we ykdysady usullaryny emele getirmek we herekete geçirmek meselelerinde köptaraply geňeşdarlyk hem-de gepleşikler usulyny ýola goýmak ähmiýetli bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň esasy maksady Merkezi Aziýada ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlaryň güýçlendirilen dialog arkaly öňüni almak bolup durýar.

Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.