Mälim bolşy ýaly, dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan, parahatçylyk ýoluny saýlap-seçen eziz Diýarymyz häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynyň täze menzillerini külterleýär. Bu menziller Arkadagly Serdarymyzyň jöwher paýhasy hem öňdengörüjiligi netijesinde, täze döwrüň beýik özgertmelerine badalga berýär. Gazanylýan beýik özgertmeler bolsa, Watanymyzyň halkara abraýyny öňküden-de pugtalandyrýar.
Bilşimiz ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary aýdyň kesgitlenildi. Bu syýasat Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldaw tapýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna hem-de 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.