21-nji awgustda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli «Türkmenistan — ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahat başlamazdan ozal, oňa gatnaşyjylar ýörite guralan sergi bilen tanyşdylar. Maslahatyň dabaraly bölegi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde «Ýaşlar Size alkyş aýdýar, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz!» diýen joşgunly çeper okaýyş bilen başlandy.