"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Pileçileriň iş-aladalary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýüpekçilikde guwandyryjy görkezijilere beslemegi maksat edýän Ak bugdaý etrabynyň pileçileri häzirki günlerde ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg edýärler. Möwsümiň öň ýanynda ýüpekçi kärendeçileriň sanynyň kesgitlenip, ýüpek gurçuklarynyň idediljek jaýlarynyň birkemsiz taýýarlanyp goýulmagy hem-de degişli serişdeler bilen üpjün edilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Etrabymyzyň oba zähmetkeşleri şu günler ýüpek gurçugynyň 630 gutusyny idedýärler. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, ýüpekçi kärendeçiler bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirýäris. Ýeri gelende, möwsüme taýýarlyk görülýän döwürde hem degişli hünärmenler bilen bilelikde, ýüpekçileriň arasynda bu jogapkärli işiň ähmiýeti barada düşündiriş işleriniň geçirilendigini bellemelidiris. Munuň özi möwsümi üstünlikli alyp barmaga, ýüpek gurçuklaryny kadaly idetmäge we ýokary hilli pile hasylyny öndürmäge şert döredýär.

Yhlasly iş ýeňşe ýetirýär

«Malym – halym» diýen ýörelgä eýerip, jemgyýetçilik mallaryny gyşdan başbitin hem-de orta semizlikde alyp çykmagy başaran Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Mary welaýatynyň etraplardaky maldarçylyk hojalyklarynyň zähmetsöýer adamlary özleriniň ähli ukyp-başarnyklaryny her bir jogapkärli möwsümiň netijeli jemlenmegine gönükdirýärler. Olaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşýändigine bolsa hormatly Prezidentimiziň maldarçylyk pudagyny döwrebap ösdürmek bilen baglanyşykly berýän kömek-goldawlaryna jogap edip, dowarlaryň baş sanyny artdyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak boýunça ýylyň-ýylyna gowy görkezijileri gazanýan Tagtabazar etrabyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mysal üçin, etrabyň öňdebaryjy «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda owlak-guzy almak boýunça bellenilen döwlet tabşyryklaryny sebitdäki maldarçylyk hojalyklarynyň arasynda ilkinji bolup, bireýýäm berjaý etdiler. Bu gazanylan üstünlik barada ady agzalan hojalygyň başlygy Arslan Öwezow guwanç bilen şeýle gürrüň berdi: — Şu ýylyň owlak-guzy möwsümi biziň hojalygymyzyň dowardarlary üçin düşümliligi bilen has-da begendirýär. Hojalygymyzda bar bolan 54 müň 237 baş malyň 21 müň 337-si ene goýundy. Çopan-çoluklaryň, hünärmenleriň birleşen tagallalary bilen çekilen zähmet irki möhletlerde döwlet tab

Meýdanlarda zähmet joşýar

Şu ýyl ýurdumyzda gowaça ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda guramaçylykly geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlary, ekişde ulanyljak tehnikalar möhüm möwsüme birkemsiz taýýarlanyldy. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Lebap welaýatynyň pagtaçylary 130 müň gektara gowaça ekip, «ak altynyň» 320 müň tonnasyny döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Bu iş hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen häzirki wagtda gyzgalaňly dowam edýär.

Bol hasyl tohuma bagly

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ýurdumyzyň daýhanlary bugdaýdan we gowaçadan bol hasyl almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynda gowaçanyň inçe we orta süýümli sortlary ekilýän bolsa, galan welaýatlarda diňe orta süýümli sortlar ekilýär. Bu ýerde belläp geçmeli pursat, Daşoguz welaýatynda gowaçanyň pes boýlurak we ir ýetişýän sortlary ekilýär. Munuň özi welaýatyň toprak-howa şertleri bilen baglanyşyklydyr. Bu welaýatda ir ýetişýän gowaçanyň «149-F», «S – 4727» diýen özbek sortlary we ýerli «Daşoguz – 120»,  «Jeýhun», «Gubadag – 3» atly sortlary ekilýär.

Şalgamyň peýdasy

Şalgam kelemler maşgalasyna degişli ikiýyllyk ösümlik bolup, olaryň birýyllyk görnüşi hem bolýar. Onuň azyklyk gymmaty ýokary bolup, düzüminde az mukdarda kletçatka, köp mukdarda gant we С witamini bar. Şalgamyň iň köp ýaýrany sary we ak etli görnüşleridir. Şalgam irki döwürlerde demirgazykda ýaşaýan halklar üçin esasy elýeterli iýmit bolupdyr. Sebäbi oba hojalyk ekinleriniň köpüsi gyşyň aňzakly sowugyna çydamandyr. Şalgam sowuga çydamak bilen, uzak wagtlap saklansa-da, öz tagamyny ýitirmändir. Ol özüniň ýokary hasyllylygy, az zähmeti talap edýänligi bilen tapawutlanýar.

Moldowada geçirilen sergide agrotehnikalaryň täze görnüşleri görkezildi

Kişinýowda «Moldagroteh – 2024» atly sergi geçirildi. Onda ýerli hem-de daşary ýurt öndürijileriň tehnikalary, ulaglary, daşky gurşawy goraýjy enjamlary görkezildi. Täze önümleriň hatarynda sergide suwaryjy ulgamy bolan traktorlar we başga-da birnäçe tehnikalar getirilipdir. Sergide ýerleşdirilen däne ekiji tehnikalara isleg bildirýänleriň sany agdyklyk etdi. Bu tehnikalar awtomatik usulda işledilip, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu tehnikalar topragy oňat özleşdirýändikleri bilen tapawutlanýarlar. Şu gezekki geçirilen sergä ekerançylykdan rysgyny tapan fermerleriň ýüzlerçesi gatnaşdy. Olar üçin bu ýerde tehnikalary öndürijiler bilen gönüden-göni şertnamalaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilikler döredildi.

Topragyň bahar demi

4. Balkan degresiniň ýaz ýakymy Baýram şahyryň «Balkan — bal akan» diýip, waspyny goşgy-gazala salan mekanlaryna bahar başynda keşti-seýran edäýseň! Bagtyny mele meýdanlardan, rysgyny ene toprakdan gözleýänler owaly-ebedinde aýagyny uzyn salyp ýatybilýänlerden däl ahbetin! Ylaýta-da, olaryň öz dili bilen aýdanyňda, «işiň tüýs çagalaýan wagtynda» — bahar paslynda. «Ekiniň atasy — suw, enesi — ýer». Muny biz däl, öňki eždatlarymyz aýdyp gidipdirler. Muny ýatlamak bilen, göze dolup gidýän bir hakykaty agzamakçy bolýarys. Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoly Gyzylarbat şäherine golaýlanda, giň köprä münýär. Şonda nazaryň şeýle ýazgyda eglenýär: «Garagum derýasynyň 1001-nji kilometri». Ileriňe, gaýraňa seretseňem, giden ekinzarlyk ýaýylyp gidýär. Şondanam şähere ýetip, ýüzüňi demirgazyga tutup ugrarsyň welin, çepiň-sagyň ýaşyl ýapynja ýapynan ýalydyr. Çerkezli obasyndan ötüp, dik gabadyňdaky Tutly obasyna ýetäýmän, sagyňa sowulýan gumaksy ýola düşersiň. Ine, suw bilen topragyň bitewüliginden, üstesine-de, daýhan yhlasyndan döräberýän gudraty görjek bolsaň, şu meýdanlara gelmeli.

Ýaz möwsümi gyzyşýar

Köneürgenç etrabynyň Maslahat daýhan birleşigi boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1500 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirmek meýilleşdirilýär. Pagtaçy kärendeçileriň yhlasly zähmeti netijesinde, ekişe irgözinden taýýarlyk çäreleri talabalaýyk alnyp baryldy. Jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişine welaýatymyzda ak pata berlen gününden ýokary guramaçylyk ýagdaýynda girişilip, bu iş depginli dowam etdirilýär. Ekiş geçirmekde özünde dürli kysymly traktordyr iş gurallarynyň ýeterlik mukdaryny jemleýän wagtlaýyn döredilen iş toparlary hereket edýär. Topragy göwnejaý taba gelen atyzlary çizel arkaly sürmek hem-de şol atyzlarda boronadyr mala basmak arkaly ekişe ýaramly ýumşak topragy emele getirmek gazanyldy. Ekiş bilen baglanyşykly işleriň berjaý edilmeginde esasy jogapkärçiligiň özleriniň paýyna düşýändigine mehanizatorlar gowy düşünýärler. Şonuň üçin hem olar erk edýän tehnikalaryny bökdençsiz işletmek arkaly ekişiň ýokary hilli geçirilmegini gazanýarlar. Mehanizatorlar Hudaýberdi Öwezow, Begmyrat Çerkezow, Nurmuhammet Seýitjanow öz ussatlygyny görkezýär. Birleşikde işleriň sazlaşykly guralyp, bökdençsiz alnyp barylmagy netijesinde kärendeçi ýer eýeleriniň ençemesiniň ekin ýerlerinde ilkinjileriň hatarynda gowaça ekişi talabalaýyk geçirildi. Olaryň hatarynda ýokary hasylçylar hökmünde tanalýan Öre Goçkarowy, Tahyr Durdyýewi, Rejep Hudaýberdiýewi, Araz Öwezowy

Möwsüme taýýarlykly gelindi

Üstümizdäki şanly ýylda dowarlardan owlak-guzy almakda guwandyryjy görkezijilere eýe bolan Kaka etrabynyň maldarlary dowarlaryň ýaz gyrkymyna hem taýýarlykly geldiler. Gyrkymyň maldarçylykda möhüm işdigine we ony irki möhletde başlap, wagtynda tamamlamagyň zerurdygyna oňat düşünýän maldarlar möwsüm üçin öňünden amatly ýerleri saýlap aldylar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň wekilleri bolsa maldarlar bilen iş üstünde duşuşyp, ýaz gyrkymynyň ähmiýetini düşündirýärler. Dowarlaryň kadaly ösmeginde we sagdyn bolmagynda gyrkymyň peýdasynyň uludygy barada täsirli gürrüň berýärler. Mundan başga-da, dowarlardan owlak-guzy almakda tapawutlanan çopandyr çoluklary höweslendirýärler.

Mehanizatorlaryň armasy ýetirilýär

Gowaça ekişiniň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň degişli hünärmenleri ýerlerde bolup, möwsüme gatnaşýan mehanizatorlaryň armasyny ýetirýärler. Ekin meýdanlaryndaky iş üstündäki duşuşyklaryň barşynda mehanizatoralara tehniki howpsuzlygyň düzgünlerine berk eýermek bilen bagly degerli maslahatlar berildi. Mälim bolşy ýaly, gowaça ekişinde etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalaryň, şeýle-de daýhan hojalyklarynyň ekiji tehnikalary gatnaşýar. Şol tehnikalara bu ugurda ýeterlik tejribesi bolan mehanizatorlar ezberlik bilen erk edýärler. Ekişiň irki möhletde tamamlanmagy bolsa, mehanizatorlara bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, iş üstündäki duşuşyklarda mehanizatorlara häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýetini hem düşündirýäris.

Guzular mäleşer daglar içinde

«Ýer ala — ýurt ala» diýleniniň nämedigini biljek bolsaň, ine, şu ýerlere gelmeli. Gatnawy ýetik Aşgabat — Türkmenbaşy awtoýolundan barşyňa, Börme — Bamy aralygyndan ilerik — dag içine sowlarsyň. Ýylan yzy ýaly, ýöne asfalt düşelensoň ýyndam ýöredýän ýol dag içine — Saýwana äkider. Tüýs «Gudrat görseň, daglara bar» diýlen görnüşler gözüňi egläp, göwnüňi telwaslandyryp ugrar. Kert-kert gaýalar üstüňe abanyp, howuňy basar, birdenem ýol giň jülgä çykar-da, alnyňda aňyrsy gözýetime sapýan meýdan ýaýylar. Özem ýap-ýaşyldyr. Ine, muňa bahar nepesi degen depe-düzler diýler. Ýoluň ýakasynda gara daşy deşip çykan dagdandyr kerkawlar, bahar nepesinden heserlenene meňzäp, akymyny has batlandyran, hanasyny dolduryberen çeşme-çaýlaryň boýuna başyny egip oturan söwütdir çynarlar, gabarasy giň dagdanlar, topbajyk tokaýy ýatladýan, gözüňi egleýän öň görülmedik agaçlar bahar donuny geýip, ýap-ýaşyl bolup oturandyr. Ine-de, giň jülgäniň sag egniňdäki ýapysyna ýaýran süriniň öňündäki serkäniň jaňynyň sesi ilki gulaga iler, soňam guzularyň mäleşýän näzijekden enaýy sesleri gulaga mylaýym owaz bolup deger. Ýolbeledimiz degenekden tegelek ýüzli, hereketi çulum ýigit Ýaran Ataýew dillendi:

Tohum topraga gowuşýar

Şu ýylky möwsümde 130 müň gektar meýdana gowaça ekip, 320 müň tonna «ak altyn» ýygnamagy maksat edinýän lebaply ekerançylar gowaça ekişiniň depginini birjik-de gowşatmaýarlar. Bu işde öňe saýlanmagy başaran daýhan birleşikleri ekişi tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşigi hem şolaryň biri. Geçen ýyl meýilnama boýunça 3100 tonna derek 3550 tonna hasyl ýygnap, welaýat boýunça öňdebaryjylaryň hataryna goşulan bu hojalygyň şu ýyl hem ümzügi ileri. Gowaça ekmek üçin taýýarlanan 1000 gektar ýer tejribeli kärendeçilere berkidilipdir. Olardan 25 gektar meýdana eýeçilik edýän Gandym Begenjow, 10,5 gektar meýdany ýazky ekişe kemsiz taýýarlan Çary Baýramow ýaly tejribeli kärendeçiler ýerden bol hasyl almagy başarýarlar. Ençeme ýyl bäri mehanizator bolup işleýän Orazmyrat Ýazberdiýew, Agamyrat Hudaýberdiýew ýaly ussatlar her bir agrotehniki çäräni daýhanyň göwün islegine görä geçirmäge çalyşýarlar. Ekiş döwründe-de tohumyň kadaly çuňluga düşmegi we hatar aralygynyň deňeçer bolmagy olaryň üns merkezinde. Olar ekişe girişmezden ozal, atyzy gowy gözden geçirip, topragyň tohuma taýýarlygyny barlaýarlar. Ökdelerden öwrenmek bilen, borona-mala çekip, topragy ýumşadýan mehanizator Rozymyrat Haýdarow hem mydama bu abzaly gözden geçirip durýar.

Maldarlaryň üstünligi

Ahal welaýatynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça meýilnamalaryna ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda hötde geldiler. Şu ýyl dowarlardan owlak-guzynyň 169 müň 900-e, düýelerden köşegiň 3 müň 200-e golaýy alnyp, bu babatdaky meýilnama, degişlilikde, 101,5 hem-de 100,73 göterim ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň, welaýatyň daýhan birleşikleriniň we kömekçi hojalyklarynyň edermen sähra merdanalary jogapkärli möwsümi häzirki günlerde hem guramaçylykly dowam etdirýärler. Ahal ýaýlasynyň maldarlarynyň gazanan üstünliginde welaýatyň Ak bugdaý we Tejen etraplarynyň ussatlarynyň saldamly goşandy bar.

Yhlas hem-de höwes bilen

Şeýle bir taryhy wakalar, şanly günler bolýar. Olar ýaşaýyş-durmuşa täze joşgun, täze bir bat berýärler. Şolar bilen birlikde ýaşaýyş akabalarynyň özgerdiji güýji has köpelýär, durmuş-ýaşaýşymyzyň mazmuny täze mana eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle mazmunly wakalara beslenýän günlerimiziň has köpdügine buýsanjymyz artýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toý dabaralary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň elimize gowuşmagy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynyň öňe gitmegine gönükdirilen Kararlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmunyny has baýlaşdyrdy. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerine itergi berýän bu wakalaryň hersiniň uly ähmiýeti bar. Şeýle wakalaryň jümmüşinde ýurdumyz ösüşleriň ýoluny külterleýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň pudagyň öňe gitmegine gönükdirilen möhüm Kararlaryň uly toparyny kabul etmegi daýhanlaryň ruhlaryny belende göterdi, işe bolan höweslerini joşdurdy.

Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz

Maldarlarymyz hoş habar bilen begendirdiler. Olar ene dowarlardan owlak-guzy almak boýunça meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Lebaply maldarlar Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda bakýan dowarlarynyň 79 müň 206-syndan 72 müň 718 baş owlak-guzy almalydylar. Bu möhüm işiň göwnejaý guralmagy bilen netijeler has ýokary boldy. Meýilleşdirileninden daşary owlak-guzularyň 1194-si artyk alyndy. Gazanylan uly üstünligiň syry welaýatymyzda iň bir tejribeli maldarlaryň pikirlerine esaslanyp aýdanymyzda, maldarçylyk hojalyklarynyň ählisinde täze dogulýan owlak-guzular üçin gyşyň sowuk günleriniň göz öňünde tutulyp, ýyly kaşarlaryň hem-de ýörite ýerleriň öňünden taýýarlanylmagyndadyr.

Daýhanlaryň ýakyn ýardamçylary

Baharyň hoştap günlerinde welaýatymyzda uly ruhubelentlik bilen başlan gowaça ekişine etrabymyzyň kärendeçileri hem irgözinden girişdiler. Edermen kärendeçileriň zähmetiniň ýerine düşmeginde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň Sakar şäher bölüminiň ýaş mehanizatorlarynyň hem mynasyp paýy bardyr. Bu möhüm işde olar daýhanlara ýakyndan ýardam berýärler. Sürüjiler Iskender Ahmedowyň, Bahadur Hüseýinowyň, Azat Nurmamedowyň çekýän yhlasly zähmetlerinden kärendeçileriň ählisi hoşal. Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren «John Deere» kompaniýasynyň önümi bolan telematik ulgamy ornaşdyrylan traktorlara, «Monosem» kysymly gowaça ekijilere we köpugurly kultiwatorlara ussatlyk bilen erk edýän ýaş sürüjiler daýhan birleşiklerinde özlerine berkidilýän meýdanlaryň sürüm, ekiş işlerini-de bökdençsiz ýerine ýetirýärler. Ekiş başlandan bäri Iskender eýýäm 2958 gektar meýdanda çil çekmek, Bahadur bolsa 1100 gektarda tekizleme işlerini üstünlikli ýerine ýetirdi. Ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagynda, degişli agrotehniki çäreleriň geçirilmeginde kompýuter ulgamy bilen üpjün edilen gowaça ekijileri dolandyryjylar Maksut Gurbanow we Şatlyk Baýramow dagy hem zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Ýaş mehanizatorlar täze tehnikalary ulanmak bilen wagtyň we tohumyň mukdarynyň tygşytlanylýandygyny buýsanç bilen belleýärler. Olaryň kömegi bilen eýýäm etrapda 300 gektara golaý meýdanda gowaça ekişi doly ge

Şa serpaýynyň eýesi

Ussat kärendeçi Günsaýyn gülläp ösýän eziz Diýarymyzyň ýeten beýik sepgitlerine guwanyp, asuda asmanyň astynda arman-ýadaman zähmet çekýän kärendeçileriň, mülkdarlaryň gazanýan üstünlikleri guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri hakynda edýän aladalaryndan ruhlanýan oba zähmetkeşleri ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alýarlar. “Ak altyn” ussatlarynyň, gallaçy daýhanlaryň önüm bolçulygyny döretmekdäki yhlasly zähmeti, ýeten üstünlikleri göz öňünde tutulyp, döwlet sylaglary bilen sylaglanýar. Olara şa serpaýlary ýapylýar.

Bol hasylyň aladasy

Ak ekiniň idegI Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Tagtabazar etrabynyň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alýan ýer eýeleri welaýatymyz boýunça gazanylýan ýokary görkezijilere saldamly goşant goşup gelýärler. Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynda ýaşyl maýsaly meýdanlara yhlaslaryny siňdirýän gallaçy kärendeçileriň ümzükleri öňe. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda etrabyň kärendeçi gallaçylarynyň gadamlary batly. Yhlasly zähmet bilen bereket tohumy sepilen meýdanlar ýaşyl öwüsýär. Ak ekinli meýdanlara seredeniňde armazak gallaçylaryň döredijilikli zähmetinden göwnüň suw içýär. Çünki, agranomçylygyň görkezmeleri boýunça kadaly boý alýan bugdaýlaryň alada bilen gurşalandygyna göz ýetirýärsiň. Ýaşyl öwsüp, bahar paslyna, gözel tebigatymyza görk goşýan ekinleriň ertirki gün bol, bereketli galla hasylyny eçiljekdigine göz ýetirýärsiň.

Welaýatymyzda gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edýär

Yhlasly zähmet üstünligiň kepilidir Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda badalga berlen gowaça ekişiniň depgini barha güýçlenýär. Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagtaçy kärendeçileri hem şu ýyl 7300 gektar ýere gowaça ekmegi meýilleşdirip, bu işi agrotehniki kadalara laýyklykda gyzgalaňly alyp barýarlar.

Bol hasyla ynam bilen

Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri şu günler 600 gektar meýdandaky bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli ideg edýärler. Esasan hem, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde daýhan birleşiginiň mehanizatorlary Nurmuhammet Koşimbetow, Haýtbaý Narbaýew, Gulimbet Kutlymyradow dagy ýokary zähmet görkezijilerini gazanýarlar. Şonuň bilen birlikde, ekinlere ösüş suwuny tutmak işleri-de ýokary depginde dowam edýär. Gallaçy kärendeçileriň tagallasy bilen, her günde 15 — 20 gektar meýdanda bugdaýa ösüş suwy tutulýar. Suwuň tygşytly we netijeli ulanylmagyna daýhan birleşiginiň ýolbaşçylary, hünärmenleri, topar ýolbaşçylary yzygiderli gözegçilik edýärler. Iýmiti hem-de suwy kemsiz ýetýän bugdaýlar barha boý alyp, hojalygyň gallaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak bugdaýyň 1130 tonnasyny Watan harmanyna goşmak baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etjekdiklerine pugta ynam döredýär. Bugdaýa ideg etmekde daýhan birleşiginiň Allanazar Hydyrow, Döwletgeldi Şammyýew, Allamyrat Täçmyradow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 8, 9,13-nji kärendeçiler toparlarynyň gallaçy daýhanlary has-da öňe saýlanýarlar.