Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri şu günler 600 gektar meýdandaky bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli ideg edýärler. Esasan hem, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde daýhan birleşiginiň mehanizatorlary Nurmuhammet Koşimbetow, Haýtbaý Narbaýew, Gulimbet Kutlymyradow dagy ýokary zähmet görkezijilerini gazanýarlar. Şonuň bilen birlikde, ekinlere ösüş suwuny tutmak işleri-de ýokary depginde dowam edýär. Gallaçy kärendeçileriň tagallasy bilen, her günde 15 — 20 gektar meýdanda bugdaýa ösüş suwy tutulýar. Suwuň tygşytly we netijeli ulanylmagyna daýhan birleşiginiň ýolbaşçylary, hünärmenleri, topar ýolbaşçylary yzygiderli gözegçilik edýärler. Iýmiti hem-de suwy kemsiz ýetýän bugdaýlar barha boý alyp, hojalygyň gallaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak bugdaýyň 1130 tonnasyny Watan harmanyna goşmak baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etjekdiklerine pugta ynam döredýär. Bugdaýa ideg etmekde daýhan birleşiginiň Allanazar Hydyrow, Döwletgeldi Şammyýew, Allamyrat Täçmyradow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 8, 9,13-nji kärendeçiler toparlarynyň gallaçy daýhanlary has-da öňe saýlanýarlar.