Topragyň bahar demi

16 Aprel 2024
985

4. Balkan degresiniň ýaz ýakymy

Baýram şahyryň «Balkan — bal akan» diýip, waspyny goşgy-gazala salan mekanlaryna bahar başynda keşti-seýran edäýseň! Bagtyny mele meýdanlardan, rysgyny ene toprakdan gözleýänler owaly-ebedinde aýagyny uzyn salyp ýatybilýänlerden däl ahbetin! Ylaýta-da, olaryň öz dili bilen aýdanyňda, «işiň tüýs çagalaýan wagtynda» — bahar paslynda. «Ekiniň atasy — suw, enesi — ýer». Muny biz däl, öňki eždatlarymyz aýdyp gidipdirler. Muny ýatlamak bilen, göze dolup gidýän bir hakykaty agzamakçy bolýarys. Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoly Gyzylarbat şäherine golaýlanda, giň köprä münýär. Şonda nazaryň şeýle ýazgyda eglenýär: «Garagum derýasynyň 1001-nji kilometri». Ileriňe, gaýraňa seretseňem, giden ekinzarlyk ýaýylyp gidýär. Şondanam şähere ýetip, ýüzüňi demirgazyga tutup ugrarsyň welin, çepiň-sagyň ýaşyl ýapynja ýapynan ýalydyr. Çerkezli obasyndan ötüp, dik gabadyňdaky Tutly obasyna ýetäýmän, sagyňa sowulýan gumaksy ýola düşersiň. Ine, suw bilen topragyň bitewüliginden, üstesine-de, daýhan yhlasyndan döräberýän gudraty görjek bolsaň, şu meýdanlara gelmeli.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.