Şeýle bir taryhy wakalar, şanly günler bolýar. Olar ýaşaýyş-durmuşa täze joşgun, täze bir bat berýärler. Şolar bilen birlikde ýaşaýyş akabalarynyň özgerdiji güýji has köpelýär, durmuş-ýaşaýşymyzyň mazmuny täze mana eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle mazmunly wakalara beslenýän günlerimiziň has köpdügine buýsanjymyz artýar.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toý dabaralary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň elimize gowuşmagy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynyň öňe gitmegine gönükdirilen Kararlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmunyny has baýlaşdyrdy. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerine itergi berýän bu wakalaryň hersiniň uly ähmiýeti bar. Şeýle wakalaryň jümmüşinde ýurdumyz ösüşleriň ýoluny külterleýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň pudagyň öňe gitmegine gönükdirilen möhüm Kararlaryň uly toparyny kabul etmegi daýhanlaryň ruhlaryny belende göterdi, işe bolan höweslerini joşdurdy.