Pileçileriň iş-aladalary

16 Aprel 2024
776

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýüpekçilikde guwandyryjy görkezijilere beslemegi maksat edýän Ak bugdaý etrabynyň pileçileri häzirki günlerde ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg edýärler. Möwsümiň öň ýanynda ýüpekçi kärendeçileriň sanynyň kesgitlenip, ýüpek gurçuklarynyň idediljek jaýlarynyň birkemsiz taýýarlanyp goýulmagy hem-de degişli serişdeler bilen üpjün edilmegi uly ähmiýete eýe boldy.

Etrabymyzyň oba zähmetkeşleri şu günler ýüpek gurçugynyň 630 gutusyny idedýärler. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, ýüpekçi kärendeçiler bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirýäris. Ýeri gelende, möwsüme taýýarlyk görülýän döwürde hem degişli hünärmenler bilen bilelikde, ýüpekçileriň arasynda bu jogapkärli işiň ähmiýeti barada düşündiriş işleriniň geçirilendigini bellemelidiris. Munuň özi möwsümi üstünlikli alyp barmaga, ýüpek gurçuklaryny kadaly idetmäge we ýokary hilli pile hasylyny öndürmäge şert döredýär.

Jeýhun SAPARGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.