Şa serpaýynyň eýesi

10 Aprel 2024
739

Ussat kärendeçi

Günsaýyn gülläp ösýän eziz Diýarymyzyň ýeten beýik sepgitlerine guwanyp, asuda asmanyň astynda arman-ýadaman zähmet çekýän kärendeçileriň, mülkdarlaryň gazanýan üstünlikleri guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri hakynda edýän aladalaryndan ruhlanýan oba zähmetkeşleri ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alýarlar. “Ak altyn” ussatlarynyň, gallaçy daýhanlaryň önüm bolçulygyny döretmekdäki yhlasly zähmeti, ýeten üstünlikleri göz öňünde tutulyp, döwlet sylaglary bilen sylaglanýar. Olara şa serpaýlary ýapylýar.