"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Babadaýhan etrabyndan gowşan habarlar

Etrapda gowaça ekişi barha ýaýbaňlanýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanyljak ýylynda etrap boýunça 27700 gektar meýdanda ekiş geçirmegi maksat edinýän babadaýhanlylar bu işiň depginini barha güýçlendirýärler. Häzir etrabyň daýhan birleşikleridir hojalyklarynda gowaça ekişinde Tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli ekijileriň, traktorlaryň 73-si bökdençsiz işledilýär. Gowaça ekişinde etrabyň «Ak altyn», «Türkmenistan», «Täze ýol» daýhan birleşikleriniň we «Nurly sümmül», «Tutly kenar» daýhan hojalyklarynyň zähmetkeşleri has-da tapawutlanýarlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň «Jeýhun», «Ýolöten—7», «Ýolöten—14» görnüşlerini ekmek maksat edinildi. 1500 gektar meýdanda bolsa gowaçanyň inçe süýümli görnüşi ekiler. Bu möhüm agrotehniki çäräni öz wagtynda ýokary hilli geçirmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Mekgejöwen

Mekgejöwen bütin dünýäde hem-de güneşli Diýarymyzda giňden ýaýran ösümlikdir. Bu birýyllyk ösümligiň watany Meksika hasaplanýar. Maglumatlara görä, mekgejöwen 9 müň ýyl mundan ozal medenileşdirilip, köpçülikleýin ekilip başlanypdyr. Mekgejöwen Antarktidadan başga ähli yklymlarda ekilip, ekiliş möçberi boýunça bugdaýdan soň ikinji orunda durýar. Ondan un, krahmal, ýag ýaly ençeme iýmitlik önümler bilen birlikde, derman serişdeleri, mallar üçin ot-iým hem taýýarlanylýar. Mekgejöwenden taýýarlanýan işdäaçarlar, gaplanan önümler, şeker tozly patrakdyr mekgejöwen taýajyklary, gaýnan mekge uly-kiçiniň halaýan tagamlarydyr. Mekgejöwen adamyň saglygy üçin hem örän peýdalydyr. Tagamyň nähili görnüşde taýýarlanandygyna garamazdan, mekgejöweniň düzümindäki peýdaly witaminlerdir mineral serişdeleriň, ýokumly maddalaryň aýrylmaýandygy bellärliklidir. Mekgejöwen witaminlere örän baýdyr, onuň düzüminde adamyň saglygyna oňat täsir edýän 26 sany himiki element bardyr. Onuň dänelerinde В witaminler toplumyndan B1, B2, B3, B6; A, С, D, Е, К, PP, ýagynda bolsa F witamini bar. Mineral serişdelerden kaliý, kalsiý, fosfor, demir hem-de magniý, mikroelementlerden bolsa nikel hem-de mis bolup, ol däneli ekinleriň arasynda iň peýdaly ösümlikleriň biridir.

Jogapkärli möwsümlere guramaçylykly taýýarlyk görülýär

9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Damjalaýyn usulda suwarylýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýyldaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Döwletli etrabynda ozalky daýhan birleşiklere degişli müňlerçe gektar ýerde häzir iri daýhan hojalyklarynyň ýedisi döredildi. Bu sebitde geçen ýylyň sentýabrynda döredilen we işi kämil derejede ýola goýlan hojalyklaryň biri hem «Gaýrat agro» daýhan hojalygydyr. Hojalyk Çärjew etrabynyň H.Hajyýew adyndaky daýhan birleşigine degişli 1350 gektar meýdany tutýan ýerde döredildi. Häzir ol ýeriň 690 gektarynda ýaşyl maýsalar boý alýar, 337 gektar ýere bolsa gowaça ekildi. Ýeriň galan böleginiň 100 gektaryna ýorunja, ýene şonçasyna arpa sepiler. Soganly meýdanlar 15, mäşli meýdanlar 50 gektara çenli uzaýar. Bulardan başga-da, «Gaýrat agro» daýhan hojalygyna özleşdirmek üçin ýene-de goşmaça 237 gektar ýer berildi. Bu ýeriň 20 gektary eýýäm özleşdirilip, onda täze bir baglygyň düýbi tutuldy. Onda, esasan, erik we garaly nahallary oturdyldy. Daýhan hojalygynda 25 adam işleýär.

Ýeralmalar talabalaýyk ekilýär

Şu günler Köneürgenç etrabynyň daýhanlary ýaz ekişi möwsüminde ýeralmany ekmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Ýeralmanyň ekiljek ýerleriniň irgözinden taýýar edilip goýulmagy, endigan tekizlenmegi, bu jogapkärli işiň çalt depginler bilen alnyp barylmagyna ýardam edýär. Etrabyň daýhan birleşikleri we önüm öndürijileri ýeralmanyň ýokary hilli tohumy bilen ýeterlik derejede üpjün edildi. Etrapda ýazky ýeralmanyň ekişiniň kuwwatly traktorlaryň we ekiji gurallaryň kömegi arkaly agrotehnikanyň talaplaryna laýyk, ylmy esasda geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýeralmanyň tohumynyň topraga kada laýyk düşmegine ýörite hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär. Häzirki döwürde ekin meýdanlaryndaky yzy ekiji gurally kuwwatly tehnikalaryň sazlaşykly, bökdençsiz işleýän görnüşlerini hem-de ýazlyk ýeralmanyň göni ekilen hatarlaryny synlanyňda, etrabyň ussat bakjaçy daýhanlarynyň ekiş möwsümini ýokary hilli, guramaçylykly geçirjekdiklerine we ýeralmadan bol hasyl almakda belent sepgitleri eýelejekdiklerine ynamyň artýar. Etrabymyzyň azyklyk ekin bolan ýazlyk ýeralmany ekmek ýaly möhüm işe uly ähmiýet berýän bakjaçy daýhanlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 70 gektar meýdanda ýeralma ekmegi meýilleşdirýärler.

Üzümi ýyladyşhanada ekmek

Ýyladyşhanada ýetişdirilýän üzümiň ösüş döwürlerine, hasylynyň mukdaryna we hiline täsir edýän daşky gurşawyň iň esasy şertlerine ýylylyk, çyglylyk, ýagtylyk, kömürturşy gazy, howanyň kislorody, topragyň mineral we organiki maddalary degişlidir. Gyş möwsüminde ýyladyşhanalarda üzüm ösdürilip ýetişdirilende, gijeki ýylylyk +16 gradusdan aşak düşmeli däldir. Temperatura +40 gradusa ýetende, üzümiň boý alşy örän haýallaýar.

Limon ösdürip ýetişdireýin diýseňiz...

Limonyň häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilýän «Lissabon» we «Meýer» görnüşleri has meşhurdyr. Onuň «Meýer» görnüşini ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek uly gerime eýedir. Limonyň «Lissabon» görnüşi has tikenli bolup, ol, esasan, gyş aýlarynda ýetişýär. Limonyň «Meýer» görnüşiniň tagamy ýumşak we az kislotaly bolýar. Onuň hasyly edil «Lissabonyňky» ýaly gyş aýlarynda alynýar. Ýöne ondan tapawutlylykda ol tutuş ýylyň dowamynda üznüksiz önüm berýär. Limonyň «Meýer» görnüşiniň boýy 3 metre çenli bolup, ony ýörite niýetlenen küýzelerde ösdürip ýetişdirmek hem özüniň ýokary netijesini berýär.

Ýokary hilli sogan almagyň kadalary

Oba hojalyk ekinlerinde ýüze çykýan kesellere garşy göreşmek we olaryň ýaýramagynyň öňüni almak agrotehnikanyň esasy talaplaryna degişlidir. Sebäbi keseller ekinlerden alynýan önümleriň hasyllylygynyň we hiliniň peselmegine getirýär. Bu, ylaýta-da, gök-bakja önümlerini öndürijiler üçin möhümdir. Göräýmäge tagamy ajy hem bolsa, bakja ekini bolan soganyň özboluşly zyýanberijileri bar. Soganyň hasyllylygyny pese düşürýän keselleriň biri ýalan un-çaň (Peronosporoz) keseli. Soganyň un-çaň keseli köp ýaýran keselleriň biridir. Bu keseli dörediji oomisetler klasyna degişli Peronospora destructor Casp. kömelegidir.

Ýokary öndürijilikli işler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň gowaça ekişi welaýatymyzyň ähli ýerlerinde guramaçylykly alnyp barylýar. Möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişini gysga wagtda geçirmek ugrundaky işler gün-günden giň gerime eýe bolýar. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem gowaça ekişi öndürijilikli dowam edýär. Etrap boýunça şu ýyl 32100 gektar ýere gowaça ekmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň traktorlarynyň 95-siniň güýjünden peýdalanylýar. Şeýle hem daýhan birleşiklerine degişli bolan dürli kysymly traktorlaryň 100-den gowragynyň sürlen ýerlere mala basmakda, tohum daşamakda saz işledilmegi gazanylýar. Etrap boýunça her günde 900 gektardan gowrak ýerde ekiş geçirilýär. Ekiş etrabyň «8-nji mart», «Görelde», «Azatlyk», «Parahat», «Türkmenistan» daýhan birleşiklerinde has-da güýçli depginde barýar. Munuň özi bu daýhan birleşikleriniň kärendeçileriniň gowaça ekişini gysga wagtda geçirip gutarmaklaryna, bereketli «ak altynyň» bol hasylyny kemala getirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna zähmet sowgatlary bilen barmaklaryna mümkinçilik berer.

Ýer görki — galla

Halkymyz gallany uly iliň soltany, desterhanlaryň naýbaşy nygmaty hasaplamak bilen, ak ekinleri ösdürip ýetişdirmäge uly üns berýär. Bu gymmatly önümiň ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýändigi sebäpli hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gallaçylygy ileri tutup ösdürýär. Edilýän köptaraplaýyn tagallalaryň netijesinde Türkmenistan gallany eksport edýän ýurda öwrüldi. Şeýle düýpli özgerişlikler tutanýerli, maksada okgunly zähmet çekilmegi, pudagyň önümçilik-tehniki binýadynyň düýpli pugtalandyrylmagy, tohumçylykdan başlap, ekinlere ideg etmäge çenli zerur işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan ýagdaýda ýola goýulmagy netijesinde mümkin boldy. Işlemäge, halal baýamaga döredilýän amatly şertlerden ruhlanýan welaýatymyzyň ussat gallaçylary tutanýerli zähmet çekýärler. Olar häzirki günlerde güýzlük bugdaýlara ideg etmegiň möhüm tapgyryny üstünlikli dowam etdirýärler. — Ata-babalarymyz gallany ýeriň görki hasaplap, bu behişdi ekini ösdürip ýetişdirmegiň uly tejribesini toplapdyrlar. Oňa halkymyzyň arasynda ýörgünli bolan köpsanly nakyllardyr atalar sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Mysal üçin, «Bugdaý: «Bäş aýda bir garyş, bir aýda bäş garyş öserin» diýermiş» diýen nakylyň manysy köplere düşnükli bolsa gerek. Eždatlarymyzyň akyl eleginde elenip, paýhas sandygynda eýlenen bu pähim häzirki pursatda ak ekinlere ideg etmegiň möhüm döwrüniň dowam edýändiginden habar b

«Gurply topragyň» işi ileri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda hem belent sepgitlere ýetilýär. Bu pudagyň ösdürilmegi, oba zähmetkeşleriniň girdejileriniň ýokarlandyrylmagy, önüm öndürijileriň höweslendirilmegi babatda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyndan ruhlanýan zähmetkeşler ýylyň-ýylyna toprakdan bol hasyl almaga çalyşýarlar. 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, önüm öndürijileri höweslendirmek maksady bilen ýerleri 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermek baradaky Karary bu günki günde iş ýüzünde amala aşyrylýar. Mary etrabynyň «Milli goşun» daýhan birleşiginiň çäginde 120 gektar ýerde Altyn Hatamowanyň ýolbaşçylygynda «Gurply toprak» daýhan hojalygy döredildi. Bu daýhan hojalygynda ýerlere talabalaýyk ideg edilip, bugdaýdyr pagtanyň bereketli hasyly öndürilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda daýhan hojalygynyň 38 gektar ýeri agrotehnikanyň talaplaryna görä gowaça ekişine taýýarlanyldy. Galan ýerde geçen ýylyň güýzünde ekilen ak ekiniň idegi ýetirilýär.

Saldamly goşant goşýarys

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny ösdürmek, ýokary girdejili pudaga öwürmek barada öwran-öwran nygtaýar. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda pagta hasylyny ýygnamaklyga ýaşlarymyz hem işjeň gatnaşyp, meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şu günler 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegine has-da ruhlanan etrabyň ekerançylary ýaz ekişini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada edýän bimöçber aladalaryna daşary ýurtlardan satyn alnyp berilýän dürli görnüşli tehnikalar hem şaýatlyk edýär. Bu tehnikalaryň gije-gündiz bökdençsiz işledilmeginde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň ýaş mehanizatorlary we sürüjüleri uly tagalla edýärler. Ekin meýdanlarynda ýaş kärendeçileriň, mehanizator we sürüji ýaşlaryň göwünlerini galkyndyrmak, işe bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen etrabyň jemgyýetçilik guramalary, esasanam, TMÝG-niň etrap geňeşi TAP-nyň etrap komiteti bilen bilelikde degerli işleri geçirýärler.

Bökdençsiz üpjünçiligiň aladalary

Geçmişde ata-babalarymyz suwuň her bir damjasyny altyn dänesine deňemek bilen ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwuň gadyr-gymmatyny bilmegi ündäpdirler. Bu gymmatly baýlygyň zerur ýerinde altyndanam öňe geçýändigini durmuş tejribesi aýdyň subut edip gelýär. Galyberse-de, güneşli Diýarymyzyň guraksydan yssy howa şertleri pederlerimiziň suw barada döreden dana sözleriniň hakykata laýykdygyny äşgär edýär. Bol suwuň gadyr-gymmaty türkmen topragynda ýokary bolmagynda galýar. Şonuň üçinem Gahryman Prezidentimiz ýurdumyzyň suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak bilen bagly derwaýys wezipeleri öňde goýýar. Bu möhüm meselede ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Bu wezipeleriň oňyn çözgüdi bolsa oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl alynmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.

Ýüpek gymmatly baýlykdyr

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda ýüpekçilik pudagy döwrebap ösdürilýär. Piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär. Şu şanly ýylda ýurdumyz boýunça piläniň 2100 tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Ýüpekçilik pudagynyň serişde binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň daýhan hojalyklaryny ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmek maksady bilen köp işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlaryny taýýarlaýan kuwwatly senagat kärhanasynyň gurluşygynyň alnyp barylmagynyň bu ugurdaky ähmiýeti uludyr. Munuň özi berkarar Watanymyzda ýüpekçilik pudagynyň pajarlap ösmegine mümkinçilik berer.

Diňe dowardarçylyga degişli

Goýunsyzyň goly bolmaz, akylsyzyň — toýy. *  *  *

Bereketli hasyl ekişe bagly

Agrotehnikanyň kadalarynyň dogry berjaý edilmegi geljekki hasylyň ykbalyny kesgitleýär Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ekinleriniň ekişini we idegini elmydama ylmy esasda — agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagy yzygiderli talap edip gelýär. Şu ýylyň gowaça ekişi hem agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda üstünlikli geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlary, ekişde ulanyljak tehnikalar möhüm möwsüme birkemsiz taýýarlanyldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem welaýatymyzyň zähmetsöýer pagtaçylary 130 müň gektarda gowaça ekmegi meýilleşdirdiler. Bu işe hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen başlangyç berildi. Ekişiň möhletiniň dogry saýlanylyp alnandygyny aýdasymyz gelýär. Ir, endigan gögeriş almak üçin bu möhlet örän amatly hasap edilýär. Sebäbi yssy howanyň başlanmagy bilen topragyň ýokarky gatlagy tiz guraýar, tohumyň gögermegi hem-de ösmegi üçin şol gatlakda ýeterlik çyglylyk galmaýar. Gowaçanyň ýylylygy söýýän ösümlikdigi we ösüşiniň birinji döwründe kadaly boý almagy, ösmegi üçin 20-25 gradus ýylylygyň gerekdigi hem göz öňünde tutulmalydyr.

Şu günki hereket — ertirki bereket

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şu möwsüminde etrabymyz boýunça 20200 gektar ýere gowaçanyň toprak-howa şertlerimize oňat uýgunlaşan, bol hasyl berýän görnüşleriniň ekilmegi bellenilip, bu iş barha giň gerime eýe bolýar. Gowaça ekişi, esasan-da, «Pagtaçy» daýhan birleşiginde has güýçli depginde barýar. Şu ýyl hojalyk boýunça 1280 gektar ýerde gowaça hasylyny ýetişdirip, bereketli güýzde 2280 tonna  «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrmak üçin kärendeçileriň 606-sy daýhan birleşigi bilen şertnama baglaşdy. Daýhan birleşiginde kärendeçiler toparlarynyň 11-si bolup, häzirki wagtda ekiş Durdy Begjanowyň ýolbaşçylyk edýän 5-nji kärendeçiler toparynda ýokary depginde dowam edýär. Ýerleri sürmekde, ekiş geçirmekde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary Begenç Arazow, Aly Hojaýew dagy Töremyrat Nazarow, Ezizgeldi Kösäýew dagy gaýratlylyk görkezýärler. Şeýle hem sürlen ýerlere mala basmakda, tohum daşamakda daýhan birleşiginiň mehanizatorlary Döwletmyrat Hangeldiýew, Atajan Nurakow, Arazgylyç Balow dagy yhlasly zähmet çekýärler.Gülhumar HOJAHMETOWA,TAP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni. * * *

Bagbanlar şu günlerde

HAÝYRLY IŞIŇ HÜMMETI Gara ýoluň demirgazyk tarapyndaky uly baga syn edeniňde, baharyň täsiri oňat bildirýän, dürli görnüşli miweli agaçlara hem-de olaryň arasynda öz işleri bilen gümra bolup ýören bagbanlara gözüň düşýär. Şu pursatda olaryň biri aňyrdaky ýaş nahallaryň töwereginde bolsa, beýlekisi alma, erik agaçlarynyň gapdalynda durup, egilen şahalaryny galdyrýar.

Çaly-da derman, ýüňi-de

Şu ýylyň 18-nji martynda hormatly Belent Serkerdebaşymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşlygynyň barşynda degişli hasabatlary diňläp, düýäniň süýdüniň, çalynyň, etiniň peýdaly bolşy ýaly, onuň ýüňüniň hem adam üçin ähmiýetlidigini belledi. Bu ugurdaky işleriň maksadalaýyk guralmagyna, hojalyklaryň işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düýedarçylyk hojalygynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Düýeleriň baş sanyny artdyrmak, olara mynasyp ideg etmek, etinden we süýdünden ýerlikli peýdalanmak, ýüňüni dokma önümçiliginde netijeli ulanmak Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düýedarçylyk hojalygynyň esasy wezipeleridir.

Täze hasylyň aladalary

ÝAŞYL MAÝSALY MEÝDANLARDA Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak, ýerden, suwdan, tehnikadan, dökünden netijeli peýdalanmak, ekinleri toprak-howa şertlerine laýyk ýerleşdirip, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek babatdaky tagallalaryna Sarahs etrabynyň oba zähmetkeşleri öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Etrabyň janypkeş daýhanlarynyň oba hojalyk ekinlerinden ýylyň-ýylyna ýokary hasyl almagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.