Ýokary öndürijilikli işler

9 Aprel 2021
1488

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň gowaça ekişi welaýatymyzyň ähli ýerlerinde guramaçylykly alnyp barylýar. Möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişini gysga wagtda geçirmek ugrundaky işler gün-günden giň gerime eýe bolýar. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem gowaça ekişi öndürijilikli dowam edýär. Etrap boýunça şu ýyl 32100 gektar ýere gowaça ekmek göz öňünde tutulýar.

Bu ugurda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň traktorlarynyň 95-siniň güýjünden peýdalanylýar. Şeýle hem daýhan birleşiklerine degişli bolan dürli kysymly traktorlaryň 100-den gowragynyň sürlen ýerlere mala basmakda, tohum daşamakda saz işledilmegi gazanylýar. Etrap boýunça her günde 900 gektardan gowrak ýerde ekiş geçirilýär. Ekiş etrabyň «8-nji mart», «Görelde», «Azatlyk», «Parahat», «Türkmenistan» daýhan birleşiklerinde has-da güýçli depginde barýar. Munuň özi bu daýhan birleşikleriniň kärendeçileriniň gowaça ekişini gysga wagtda geçirip gutarmaklaryna, bereketli «ak altynyň» bol hasylyny kemala getirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna zähmet sowgatlary bilen barmaklaryna mümkinçilik berer.

Çynar BERDIKULYÝEWA,
TAP-niň welaýat komitetiniň baş hünärmeni.