Bökdençsiz üpjünçiligiň aladalary

9 Aprel 2021
1308

Geçmişde ata-babalarymyz suwuň her bir damjasyny altyn dänesine deňemek bilen ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwuň gadyr-gymmatyny bilmegi ündäpdirler. Bu gymmatly baýlygyň zerur ýerinde altyndanam öňe geçýändigini durmuş tejribesi aýdyň subut edip gelýär. Galyberse-de, güneşli Diýarymyzyň guraksydan yssy howa şertleri pederlerimiziň suw barada döreden dana sözleriniň hakykata laýykdygyny äşgär edýär.

Bol suwuň gadyr-gymmaty türkmen topragynda ýokary bolmagynda galýar. Şonuň üçinem Gahryman Prezidentimiz ýurdumyzyň suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak bilen bagly derwaýys wezipeleri öňde goýýar. Bu möhüm meselede ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Bu wezipeleriň oňyn çözgüdi bolsa oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl alynmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.