HAÝYRLY IŞIŇ HÜMMETI
Gara ýoluň demirgazyk tarapyndaky uly baga syn edeniňde, baharyň täsiri oňat bildirýän, dürli görnüşli miweli agaçlara hem-de olaryň arasynda öz işleri bilen gümra bolup ýören bagbanlara gözüň düşýär. Şu pursatda olaryň biri aňyrdaky ýaş nahallaryň töwereginde bolsa, beýlekisi alma, erik agaçlarynyň gapdalynda durup, egilen şahalaryny galdyrýar.