Şu ýylyň 18-nji martynda hormatly Belent Serkerdebaşymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşlygynyň barşynda degişli hasabatlary diňläp, düýäniň süýdüniň, çalynyň, etiniň peýdaly bolşy ýaly, onuň ýüňüniň hem adam üçin ähmiýetlidigini belledi. Bu ugurdaky işleriň maksadalaýyk guralmagyna, hojalyklaryň işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düýedarçylyk hojalygynda hem netijeli işler alnyp barylýar.
Düýeleriň baş sanyny artdyrmak, olara mynasyp ideg etmek, etinden we süýdünden ýerlikli peýdalanmak, ýüňüni dokma önümçiliginde netijeli ulanmak Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düýedarçylyk hojalygynyň esasy wezipeleridir.