Atyzlar göwnüňi göterýär
Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer pagtaçy kärendeçileri gowaçaly atyzlary turuwbaşdan uly alada bilen gurşaýarlar. Gowaçaly atyzlara ilkinji hatarara bejergilerini geçirip, ilkinji ösüş suwlaryny berip, her bir möhüm agrotehniki çäräni öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek häzirki günler daýhanyň esasy aladasydyr. Barha görklenýän gowaçaly atyzlaryň ertirki gün bol-bereketli hasyl eçilmegi üçin göwnejaý idegiň gerekdigine oňat düşünýän hojalygyň kärendeçileri ideg işini barha güýçlendirýärler. Bu işde daýhan birleşiginiň Parahat Durdyýew, Tirkiş Allamyradow, Kerwen Mämmäýew dagy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 2-nji, 9-njy, 19-njy pagtaçylyk toparlarynyň zähmetsöýer kärendeçileri has-da tapawutlanýarlar. Bu öňdebaryjy toparlaryň kärendeçileri häzir degişlilikde 145, 187, 77 gektar meýdanlara ideg edýärler. — Pagtaçylyk bilen meşgullanýan her bir adamyň, hünärmeniň tijenmeli wagty geldi. Indi yhlasyň, zähmetiň bolsa görkezibermeli. «Herekete — bereket» diýleni. Ýerden bereketli hasyl almak üçin her bir möhüm agrotehniki çäräniň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegini gazanmaly. Şol çäreleriň geçirilmeginiň hilini gözegçilikde saklap, kärendeçi daýhanlara her bir işde ýakyndan ýardam berip durýarys — diýip, daýhan birleşigiň ýolbaşçysynyň pagtaçylyk işleri boýunça orunbasary Gulgeldi Atageldiýew guwanç bilen aýdýar.