Şu günler Saýat etrabynyň oba zähmetkeşleri 16 müň gektar meýdandaky maýsalaryň kadaly boý alyp, bol hasyla beslenmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bugdaý ekilen meýdanlary mineral we ýerli dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak häzirki döwürde gallaçy daýhanlaryň öňünde durýan möhüm çäreleriň biridir. Şeýle çäreleriň ylmy esasda, göwnejaý alnyp barylmagyny gazanýan etrabyň zähmetsöýer gallaçylary wagtyň her pursadyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Ösüş suwuny tutmagyň däneçilikde esasy çäreleriň biridigine gowy düşünýän edermen kärendeçiler ýaşyl maýsalara ikinji ösüş suwuny tutmagy tamamladylar. Ösüş suwunyň degişli ideg işleri bilen sazlaşykly ýola goýulmagy maýsalaryň bol hasyla durmagynda uly ähmiýeti bardyr. Öňlerinde goýan aýdyň maksatlaryna ýetmegi, ýokary hilli galla hasylyny kemala getirmegi maksat edinýän edermen kärendeçiler maýsalaryň idegine yhlasly zähmetini siňdirýärler.