Goýunlardan tebigy taýdan ekiz guzy almagy ýokarlandyrmak — olary höwre taýýarlamak, höwür möwsümini talabalaýyk geçirmek we ene goýunlary idetmek işlerini öz içine alýar. Möwsüme taýýarlyk görmek üçin, ilki bilen toklulary öz wagtynda enesinden seçip aýyrmaly hem-de höwre goýuljak sürini düzmeli. Bu çäräni höwür möwsümine 2-2,5 aý çemesi wagt galanda (iýul aýynda) amala aşyrmaly. Goýunlary «Ýaldyrak» dogandan soň, mal gezmedik, ot-çöpe baý, sonarly, şoraly, başlary dänelän ösümlikleri bolan öri meýdanlarynda gijelerine bakmak, arassa we süýji suwly guýularda suwa ýakmak tejribesiniň ulanylmagy diňe bir goýunlaryň guratlygyna däl, eýsem, olaryň işjeňligine, ýagny, tebigy ekiz guzy berijiligine oňaýly täsir edýär.
Höwür möwsümi başlamanka, ene goýunlaryň orta we ortadan ýokary semizlikde bolmagyny gazanmaly. Şonuň üçin höwür möwsümine taýýarlyk görülýän we onuň geçirilýän döwürlerinde sürini ussat çopanlaryň hut özleri bakmaly. Munuň esasy sebäbi ýylyň şol döwürleri goýun malynyň duýgurlygy has ýokary bolýar. Şol döwürde süriniň örüsi, suwy, çopany üýtgese, mallar öňki durkuny tapyp bilmeýärler.