Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz ähli babatda uly ösüşlere eýe bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ýurdumyzyň hususyýetçileriniň ykbalynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Ine, ýylyň başyndan başlap, eýýäm şu günki güne çenli Watanymyzyň önüm öndürijileri ykdysadyýetimiziň ösmegine goşantlaryny goşýarlar. Golaýda Arkadag Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly 5 welaýatyň ählisinde jemi 6 sany döwrebap ýyladyşhananyň açylyşyna ak pata berdi. Elbetde, şeýle ýyladyşhanalaryň birbada işe girizilmeginiň özi-de, hususy telekeçilige uly ynam bildirilýändiginiň subutnamasydyr.
Halkymyzyň baýramçylyk saçaklarynyň bereket bolçulygyny has-da artdyrjak ýyladyşhanalaryň biri — Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylan ýyladyşhanadyr. Ýyladyşhananyň umumy meýdany 4 gektar bolup, ýylda 1 gektardan 20—50 tonna gök we miwe önümlerini ýetişdirmek meýilleşdirilýär.