Dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň strategiki we möhüm ugry bolup, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzir bu ulgamda uly üstünlikler gazanylýar. Munuň özi oba hojalygyny hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmek boýunça geçirilýän işleriň oňyn netijesidir. Täze kabul edilen Kanunlar toplumynyň esasynda obada täze ykdysady gatnaşyklar kemala gelýär, dolandyrmagyň häzirki zaman usullary we maliýe gurallary ornaşdyrylýar.
Oba senagat toplumy üçin häzirki zaman tehnikalary, kombaýnlar, ekiş enjamlary we beýleki abzallar satyn alynýar. Suw üpjünçiligini we ekin dolanyşygyny gowulandyrmak babatda anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge türkmen telekeçileri hem saldamly goşant goşýarlar.