"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwür we sanly tehnologiýa

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak we ulgamlaşdyrmak işlerini sanly ulgam arkaly has-da kämilleşdirmegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Ýurdumyzda notarial hereketini amala aşyrmagyň halkara tejribesinden ugur alnyp, internet torunyň çäksiz mümkinçiliklerini we sanly tehnologiýalary giňden peýdalanmak arkaly raýatlara we edara-kärhanalara hödürlenilýän hukuk hyzmatlarynyň elýeterliligi, çalt amala aşyrylmagy we maglumatlaryň howpsuzlygy doly üpjün edilýär. Ýurdumyzda notarial işini kämilleşdirmek maksady bilen, ähli notarial edaralar optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edilip, notariatyň bir bitewi maglumatlar ulgamy döredildi.

Atçylyk pudagyna sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde atçylyk pudagynda hem sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Sanly tehnologiýalaryň atlary çipleşdirmekde ähmiýeti uludyr. Çünki at baradaky maglumatlaryň elektron gory döredilip, ol hem elektron maglumat göteriji çipe girizilýär. Şeýlelikde, atlar barada islendik maglumat gerek bolsa, skaneri ata ýakynlaşdyryp, maglumatlary belli bir aralykdan okap ýa-da göçürip bolýar.

Döwür bilen deň gadam

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sanly tehnologiýalaryň ykdysadyýete we durmuşymyzyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda döredilen kanunçylyk-hukuk we maddy-tehniki binýat ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçilmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Onda milli ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň derejesine ýetirmek esasy ýörelge bolup durýar.

Ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar

Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, çalt depginler bilen ösýän döwlet hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalardyr başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işleriň netijesinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýokary tehnologiýaly kärhanalar gurlup işe girizilýär. Şolarda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarlarda has-da meşhurdyr. «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyz halkara bileleşikde «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly ýokary hilli harytlary öndürmekde uly kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä bazarlarynda abraýynyň ýokarlanmagyna, eksport kuwwatynyň artmagyna we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly ulgamy ösdürmek şu günüň möhüm talabydyr

Garaşsyz ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmegiň gerimi barha giňeýär. Sanlylaşdyrmak maglumat we tehnologiýalar eýýamynyň esasy bolup hyzmat etmek bilen, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşi bilen üstünlikli utgaşýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, nebitgaz toplumynyň pudaklarynda hem bu ugurda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda bu resminama ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Konsepsiýa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Onda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlenilendir. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» Kararyň kabul edilmegi bu ulgamda möhüm ädimleriň biri boldy.

Elektron kitaphanalar — döwrüň talaby

Elektron kitaphanalar durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär. Häzirki zaman kämil el telefonlaryndan we kompýuterlerden elektron kitaphanalaryna girmek we islendik kitaby tapmak mümkin. Dünýäde tehnologiýalaryň tiz ösýän döwründe elektron kitaphanalaryň işini kämil derejede ýola goýmak möhüm wezipeleriň hataryna girýär. Elektron kitaphanalar maglumatlary, edebiýatlary saklaýjy we habar beriş ulgamy bolup, ol maglumatlaryň elýeterliligini üpjün edýär. Ýurdumyzda elektron kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek işleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 —–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Onda «Kitaphanalaryň durmuşda eýeleýän ornuny göz öňünde tutup, soňky ýyllarda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ony hünärli işgärler bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirildi, ýurdumyzda bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi» diýlip bellenilýär. Bu ugurda geljekde ýerine ýetirilmeli işler anyk görkezilýär. Elektron kitaphanalar ulgamy maglumat gözlegini gysga wagtda amala aşyrmaga, internet ulgamyndan erkin peýdalanmaga şert döredýär. Internet ulgamyna birikdirilen elektron kitaphana habar beriş çeşmelerini islendik ulgam bilen baglanyşdyryp bilýär. Elektron kitaphanalar köpsanly resminamalary saýlamaga ýa-da köpsanly maglumatlaryň içinden köpugurly gözlegi amala aşyrmaga mümkinçilikleri döredýär. Elektron

Awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlaň!

Aşgabadyň ýaşaýjylary indi şäheriçi awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlap bilerler. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary «Duralga» ykjam goşundysynyň kömegi bilen şäheriçi ýolagçy awtobuslaryň gatnaw ugurlary we wagtlary baradaky anyk maglumatlar bilen tanşyp bilerler. Munuň üçin olar «Duralga» ykjam goşundysyny iOS we Android platformalaryndan ýükläp almaly. Aşgabatdaky «Hyundai» kysymly ýolagçy awtobuslaryna ulaglaryň ýerleşýän ýeri barada maglumat berýän GPRS yzarlaýjy enjamlar ornaşdyrylandyr. Şonuň kömegi bilen ýolagçylar öýjükli el telefonlaryndan ykjam goşundyny ulanyp, onlaýn ýagdaýda awtobusyň haýsy duralga näçe wagtdan geljekdigini bilip bilýär.

Sanly dünýä: Geljek. Ösüş. Netijelilik

Sanly ulgam milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň berk binýadydyr Öňdebaryjy tehnologiýalar biziň gündelik durmuşymyza berk ornaşmak bilen, zähmeti guramagyň usullaryny, okamagyň, dynç almagyň görnüşlerini özgerdýär. Türkmenistan döwletimiz dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de «nou-haularyň» importyna däl, eýsem, özüniň ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi.

Täze material jisimleri göze görünmez ýaly eder

Gözleg süýüm optikasyndan maglumatlary geçirmegi gowulandyrmak üçin material synagdan geçirildi. Bu açyş tehnologiýa täzeçe çemeleşmäge täsirini ýetirer. Rostok uniwersitetiniň (Germaniýa) inženerleri ermitis däl diýilýän ýagtylyk häsiýetini ulanyp, göze görünmeýan materialy döretdiler. Bu hereketiň gidişinde mikro derejede ýagtylygyň güýçlenmegi ýa-da gowşamagydyr.

ABŞ-da Gün energiýasy bilen işleýän bitkoin desgasy işe başlady

«Aspen Creek Digital» korporasiýasy ABŞ-da Gün energiýasy bilen ilkinji bitkoin gazyp alýan desgasynyň işe başlandygyny habar berdi. Bu desganyň özboluşlylygy, 6 MWt kuwwatlylygy we 10 MWt Gün energiýasy bilen enjamlaşdyrylan ýokary öndürijilikli hasaplaýyş merkezidir. Kompaniýanyň ilkinji hosting müşderisi «Galaxy Digital» boldy. «ACDC» Koloradodaky maglumat merkezinde magdan gazmak üçin «S19» nesil magdançylaryny ulanýar. Desganyň gapdalynda 75 müň inedördül metrlik gözleg we ýerine ýetiriş merkezi ýerleşýär. Ikinji «ACDC» desgasy, 10 müň «ASIC» magdançysyny ýerleşdirmäge ukyply 30 MWt maglumat merkezi bolar. Bu maglumat merkezi şu tomus işe giriziljek 87 MWt Gün elektrik stansiýasy bilen birleşdiriler.

«Toyota» gibrid ulagyny hindi bazaryna çykardy

1-nji iýulda «Toyota Motor» korporasiýasy «Urban Cruiser Hyryder» gibrid ulagyny tanyşdyrdy. «Hyryder» «Toyota»-nyň Hindistanda satuwa çykaran ilkinji köpçülikleýin gibrid ulagydyr. Bu gibrid ulag «Maruti Suzuki» ýapon kompaniýasy bilen bilelikde öndürilýär.

Täsinlikler äleminde

Üstünlikli geçen synag Ýaponiýanyň milli maglumat we kommunikasiýa institutynyň alymlary sekuntda 1 million gigabaýtlyk maglumaty geçirmäge ukyply interneti synag etdiler. Sekuntda 1,02 petabite ýa-da 1 million gigabaýta deň bolan internet täze işlenen optiki-süýümli geçirijilerde (kabeller) synag edildi. Täze geçiriji kabeller özünde 4 görnüşli süýüm toparyny jemläp, olar aýna turbalar arkaly goralýar. Ýörite tehnologiýalar arkaly geçiriji süýümleriň kuwwatlylygy ýüzlerçe esse artdyryldy. Jemi 801 sany tolkun geçiriji kanallary özünde jemleýän, optiki-süýümli geçirijilerden tizligi sekuntda 1 million gigabaýtdan hem gowrak bolan maglumat 51,7 kilometrlik uzaklykdaky kabul edijä geçirildi.

«Idea­no­mics» ýokary ösüş gazanýar

«Idea­no­mics» teh­no­lo­gi­ýa ma­ýa go­ýum kom­pa­ni­ýa­sy şu hep­de sim­siz ula­gla­ryň zar­ýad be­ri­ji ul­ga­my bi­len, oňyn ösüş ga­zan­dy. Şeý­le-de «Idea­no­mics»-iň gol­çur kär­ha­na­sy bo­lan «WAVE» 22-nji iýun­da sim­siz zar­ýad be­riş stan­si­ýa­la­ry­ny üp­jün et­mek we olary Ore­gon­da­ky müş­de­ri du­ral­ga­syn­da ýer­leş­dir­mek ba­ra­da şert­na­ma baglaşandygyny ha­bar ber­di. Şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, «JCT» ta­ra­pyn­dan sar­gyt edi­len dört sa­ny 125 kWt stan­si­ýa­sy elektrik aw­to­bus­la­ry­na zar­ýad be­rer. Sim­siz zar­ýad ber­mek äh­li aw­tou­lag du­ral­ga­sy­ny ula­nyp, ýeras­tyn­da hem gur­lup bil­ner. Kom­pa­ni­ýa sim­siz zar­ýad be­riş stan­si­ýa­la­ry­nyň sa­tu­wy­nyň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na ynam­ly ga­ra­ýar.

«So­la­na Mobile» il­kin­ji kriptosmart­fo­ny­ny hö­dür­lär

«So­la­na Labs»-yň gol­çur kär­ha­na­sy «So­la­na Mo­bi­le» hu­su­sy açar sak­laý­jy we «Web3» mer­kez­leş­di­ril­me­dik prog­ram­ma dü­ka­ny bo­lan «Sa­ga And­ro­id» esas­ly krip­tos­mart­fo­ny­ny ta­nyş­dyr­dy. Tä­ze smart­fon ar­ka­ly «So­la­na» blok­çeýn bi­len in­teg­ra­si­ýa san­ly ak­tiw­le­ri do­lan­dyr­ma­gy aň­sat­laş­dy­rma­gy we web3 amal­la­ry­ny ge­çi­rme­gi mak­sat edin­ýär. Krip­tos­mart­fon «Go­og­le», «App­le» we «In­tel» prog­ram­ma­la­ry üçin ha­sap­la­ýyş en­jam­la­ry­ny gur­mak tej­ri­be­si bo­lan «OSOM» and­ro­id ösüş kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan di­zaýn edil­di. «Sa­ga» 6,6 dýuým­lyk OLED ek­ra­ny we 12 Gb RAM bi­len üp­jün edi­len­dir. Howp­suz­lyk üçin «Se­ed Vault» ul­ga­my te­le­fon­da şah­sy açar­la­ry we SID söz­lem­le­ri­ni prog­ram­ma­lar­dan aý­ra­tyn sak­la­ýar.

Ýur­du­myz­da teh­no­lo­gi­ýa önüm­çi­li­gi ýo­kar­lan­ýar

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len badalga alan Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy ýur­du­myz­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­my­ny hem-de elekt­ron se­na­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge uly iter­gi ber­ýär. Mu­ňa ýur­du­myz­da il­kin­ji bo­lup, komp­ýu­ter teh­ni­ka­la­ry­ny ön­dür­mä­ge gi­ri­şen, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň 2018-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «Ag­zy­bir­lik Til­si­ma­ty» bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­sy aý­dyň my­sal­dyr.

Täze döwrüň kämil žurnalistikasy

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň kämilleşdirilýän döwründe multimedia žurnalistikasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gün metbugat habar beriş serişdeleri özgeriş tapgyryny başdan geçirip, onuň ahyrky maksady häzirki sanly media gurşawyna uýgunlaşmakdyr. Biz bu gün žurnalistikada habarlary täze görnüşde bermegiň dessinliginiň ilkinji hatara çykýandygynyň şaýady bolýarys. Internetiň peýda bolmagy we giňden ýaýramagy multimedia žurnalistikasynyň ösüşiniň täze tapgyryna itergi berýär. Şeýlelikde, XX asyryň 90-njy ýyllaryndan bäri bu iş üznüksiz dowam edip gelýär. Şonda žurnalistiň işiniň täze görnüşlerini we usullaryny özünde jemleýän multimedialylyga geçmek has-da işjeňleşýär. Emma munuň üçin hem wagt gerek bolýar. Internetde çykyp başlan metbugat neşirleriniň ilkibaşda öz web-saýtlary bolmansoň, olar ýönekeý ýazgy görnüşindäki elektron nusgasy bilen çäklenmeli bolýar. 1994-nji ýylda ilkinji internet-brauzeriniň peýda bolmagy bilen, neşirleriň multimedia saýtlary döräp başlaýar. Olar, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirip, awtorlar we redaksiýalar barada maglumatly habarlardan ybarat bolýar.

«Lenovo» ekransyz, prožektorly noutbugyny tanyşdyrdy

Hy­ta­ýyň «Le­novo» kom­pa­ni­ýa­sy gel­je­giň komp­ýu­ter­le­ri­niň tä­ze mo­de­li­ni ta­nyş­dyr­dy. Geň ta­ra­py, tä­ze nout­bu­gyň için­dä­ki ek­ra­nyň ýok­lu­gy­dyr. Oňa de­rek, nout­bu­gyň kor­pu­sy­nyň ýo­kar­syn­da di­war­da ýa-da şo­ňa meň­zeş aý­ra­tyn üst­de şöh­le­len­di­rip, şe­kil­le­ri edil ek­ran­da­ky ýa­ly aý­dyň gör­kez­ýän pro­žek­to­ry ýer­leş­ýär. Nout­bu­gyň ýe­ne bir aý­ra­tyn­ly­gy, ga­byň için­de ýyg­nal­ýan kla­wia­tu­ra­sy­dyr. Gör­nü­şi ýa­ly, nout­buk «Dol­by At­mos»-da iş­le­ýän ses ul­ga­my we bar­mak yzy ska­ne­ri bi­len üp­jü­n edi­len­dir. Häzirlikçe ekransyz täze nout­bu­gyň haçan satuwa çykaryljakdygy barada maglumat berlenok.

Uçarmansyz «TP500» uçary Hytaýda synagdan geçirildi

In­ter­net çeş­me­le­ri­ne gö­rä, uçar­man­syz «TP500» uça­ry­nyň il­kin­ji uçuş sy­nag­la­ry Hy­taý­da ge­çi­ril­di. Uçar Hy­ta­ýyň il­kin­ji awia­si­ýa ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, uçar ýer­li wagt bi­len 18-nji iýun­da sa­gat 06:18-de uçu­ry­lyp, 06:45-de ýe­re gon­dy. Uça­ryň 27 mi­nu­ta çe­ken uçu­şyn­da hiç hili nä­saz­ly­gyň ýü­ze çyk­man­dy­gy we howp­suz bo­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýet — in­no­wa­si­on ösüş

Ýur­du­my­zyň in­no­wa­si­on ösü­şin­de ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, döw­le­tiň we hu­su­sy pu­da­gyň hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek ar­ka­ly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty has-da ber­kit­mek hem-de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mä­ge, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­ga uly üns be­ril­ýär. Göz öňün­de tu­tu­lan me­ýil­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­niň has-da yg­ty­bar­ly bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň şu ýy­lyň 13-nji ma­ýyn­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de dur­ýan gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­re üns çe­kil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti döw­re­bap­laş­dyr­mak we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak bo­ýun­ça giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­lar hem-de tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Şun­da, hu­su­san-da, in­no­wa­si­on ugur­la­ra, san­ly ul­ga­ma ge­çil­me­gi­ne, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly se­na­gat önüm­çi­li­gi­niň dö­re­dil­me­gi­ne, dür­li dü­züm­le­riň işi­niň mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, pu­dak­la­ryň işi­ne we önüm­çi­lik top­l

Elekt­ron ne­şir­ler: döw­rüň tiz­li­gi bi­len tä­ze göz­ýe­tim­le­re

Ta­lyp­lyk döw­rün­de žur­na­lis­ti­ka de­giş­li geç­ýän sa­pak­la­ry­myz­da in­ter­net žur­na­lis­ti­ka­sy­nyň gel­je­gi, ýur­du­myz­da bu ug­ry ös­dür­mä­ge be­ril­ýän üns ha­kyn­da dyn­gy­syz gür­rüň eder­dik, pi­kir alyş­ma­la­ry gu­rap, dün­ýä tej­ri­be­sin­den mag­lu­mat­la­ry öw­re­ner­dik. Asyl, mil­li met­bu­gat ne­şir­le­ri­mi­zi in­ter­net ar­ka­ly okap bil­jek gün­le­ri­miz hem uzak­da däl eken. Sä­hel wagt­dan ins­ti­tu­ty ta­mam­lap, re­dak­si­ýa­da işe baş­la­ny­my­za la­ýyk iki ýyl bol­ýar. Hut şol wagt­dan bä­rem Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­nyň ýur­du­my­zyň äh­li ga­zet-žur­nal­la­ry­nyň elekt­ron gör­nü­şi­ni özün­de jem­le­ýän «Türk­men­met­bu­gat» in­ter­net ne­şi­ri he­re­ket ed­ýär. In­di biz bu hak­da ar­zuw et­me­giň ýe­ri­ne, özü­miz gün­de­lik wa­ka­la­ryň jüm­mü­şin­de bo­lup, ola­ry elekt­ron ne­şir­ler ar­ka­ly oky­jy­la­ra des­sin ýe­tir­me­giň ug­run­da gez­ýä­ris. In­ter­ne­tiň­dir san­ly ul­ga­myň dur­mu­şy­my­za şeý­le tiz ara­la­şaý­şy­ny gör­se­ňiz­läň!.. Dog­ru­sy, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy ha­kyn­da oza­lam kän ýa­zyp­dyk. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 4-nji iýun­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de kagyzda çykarylýan gazet-žurnallary elektron görnüşe geçirmek boýunça işleri iş