Awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlaň!

4 Iýul 2022
1008

Aşgabadyň ýaşaýjylary indi şäheriçi awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlap bilerler.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary «Duralga» ykjam goşundysynyň kömegi bilen şäheriçi ýolagçy awtobuslaryň gatnaw ugurlary we wagtlary baradaky anyk maglumatlar bilen tanşyp bilerler. Munuň üçin olar «Duralga» ykjam goşundysyny iOS we Android platformalaryndan ýükläp almaly. Aşgabatdaky «Hyundai» kysymly ýolagçy awtobuslaryna ulaglaryň ýerleşýän ýeri barada maglumat berýän GPRS yzarlaýjy enjamlar ornaşdyrylandyr. Şonuň kömegi bilen ýolagçylar öýjükli el telefonlaryndan ykjam goşundyny ulanyp, onlaýn ýagdaýda awtobusyň haýsy duralga näçe wagtdan geljekdigini bilip bilýär.

Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar