Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek, döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkaly ykdysady kuwwaty has-da berkitmek hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň has-da ygtybarly bolmagyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 13-nji maýynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere üns çekildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar hem-de taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, hususan-da, innowasion ugurlara, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligiň we hususy telekeçiligiň ösdürilmegine, içerki bazaryň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan senagat önümleri, gurluşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegini gowulandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň amala aşyrylmagyna, innowasion tehnologiýalara hem-de ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan täze önümçilikleri döretmek boýunça işleriň dowam etdirilmegine, elektron senagatda täze önümleriň çykarylyşynyň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň ugurlaryny giňeltmek hem wajyp meseleleriň hatarynda durýar.